Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ölüme höküm edilen şahyr


 Aşraf Faýad
Aşraf Faýad

35 ýaşyndaky palestin şahyry Aşraf Faýad iki ýyla golaý tussaglykdan soň, 17-nji noýabrda Saud Arabystanynyň şerigat kanuny esasynda ölüme höküm edildi.

"The Independent" gazeti "Human Rights Watch" guramasynyň sud dokumentlerini görendigini we Faýada bildirilen aýyplamalaryň arasynda dinden çykmak aýyplamasynyň hem bardygyny habar berýär.

Faýad 2014-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda, 2008-nji ýylda çap edilen "Instruction Within" ("Içdäki tabşyryk") atly goşgular ýygyndysynda hudaýsyzlygy wagyz etmekde aýyplanyp, tussag astyna alyndy.

Başda ony polisiýa 2013-nji ýylyň awgustynda tussag etdi, emma girew alyp, bir günden boşatdy. Faýadyň dostlarynyň sosial mediada edýän gürrüňlerinden çen tutulsa, polisiýa onuň hudaýsyzlygy wagyz edendigine delil tapman, saçynyň uzynlygyny, çilim çekmek endigini bahana edinipdir.

“Olar meni ateizmde we jemgyýte käbir ýykgynçylykly pikirleri ýaýratmakda aýypladylar" - diýip, Faýad aýdypdyr.

Şeýle-de ol öz goşgularynyň diňe "özüniň palestin bosgunydygy, käbir medeni we filosofiki meseleler" barasynda söz açýandygyny aýdyp, käbir ekstremistleriň olary "Hudaýa garşy ýykgynçylykly pikirler hökmünde düşündirendigini" gürrüň beripdir.

Aýdylmagyna görä, sudda görkezme beren ýeke şaýat Faýadyň hudaýy we onuň pygamberi Muhammedi, şeýle-de Saud Arabystanyny näletlendigini aýdypdyr. Faýadyň öz ynanjyna görä, onuň üstünden edilen arz-şikaýat bir kafede başga bir hudožnik bilen häzirki zaman sungaty barada edilen jedelden uç alýar.

Faýad başda, ölüme höküm edilmezinden öň, 2014-nji ýylda dört ýyl türme tussaglygyna we 800 dürre urulmagyna höküm edilipdi. Täze hökümden soň onuň, Saud Arabystanyň şerigat kanuny esasynda, şikaýat etmek üçin bir aý möhleti bar.

Şol bir wagtda, "BBC Trending" Faýada çykarylan höküm barada resmi beýanatyň ýokdugyny, Saud Arabystanyň Londondaky ilçihanasynyň bolsa düşündiriş bermekden ýüz öwrendigini habar berýär.

Ýöne muňa garamazdan, Amerikan Galamdaşlar merkezi, Iňlis Galamdaşlar merkezi we Halkara Galamdaşlar merkezi bileleşip, Britaniýanyň hökümetini Saud Arabystanyna şahyr, ýazyjy we hudožnik Aşraf Faýadyň azatlyga goýberilmegi üçin basyş etmäge çagyrýarlar. Şol bir wagtda internetde "Sue me Saudi" hashtagy astynda, saud häkimiýetlerine garşy ullakan protest hereketi ýaýbaňlanýar.

Azatlyk radiosy başy gowgadaky palestin şahyry Aşraf Faýadyň bir goşgusynyň iňlisçeden terjimesini okyjylaryna hödürlemegi makul bildi.

***

Gaçybatalga: Bu nobat soňunda,

Boýnuň sallap durmak gelýänçä gezek,

Bir döwüm nan almak üçin berseler.
Durmak hem garaşmak bir zaman ataň

Egnin gysyp durşy ýaly uzak gün,

Hem düşünmän nümüçin,

Sebäbi nä durmagyň,

Nanmy ýa-da seň özüň?


Watan: Gaty kagyz gapjykda durýan.

Pul: Kagyzlar ýüzi başlyk suratly.

Foto: Oruntutar gelýänçäň yza.

A dolanmak: Rowaýaty janawer...

Garry eneň aýdan ertekisinden.

Ahyry şu ilki sapagyň menden.

XS
SM
MD
LG