Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaý türmesinde ýiten Ýasin


Nurmuhemmet Ýasin
Nurmuhemmet Ýasin

Amerikan Glamdaşlar merkezi 15-nji noýabrda - Tussag edilen ýazyjylar gününde uýgur ýazyjysy we şahyry Nurmuhemmet Ýasiniň ykbalyna ünsi çekdi. Ol, berlen 10 ýyl türme möhleti tamamlanyp, şu aýyň bir ýerlerinde azatlyga çykmalydy. Emma beýle habar eşidilmeýär.

Amerikan Galamdaşlar merkezi hytaý häkimiýetlerini on ýyldan gowrak wagt bäri maşgalasy bilen görüşdirlmedik ýazyjyny azatlyga goýbermäge çagyrdy. Nurmuhemmet Ýasin 2004-nji ýylyň 29-njy noýabrynda Kaşgarda, «uýgur separatizmine meçew bermekde» aýyplanyp tutuldy.

Ýazyjynyň tutulmagynyň sebäbi onuň «Ýabany kepderi» hekaýasynyň çap edilmegi bilen baglanyşykly hasaplanýar. Tutulan wagty Ýasiniň hususy kompýuteri hem konfiskasiýa edilipdir. Hasaplamalara görä, bu kompýuterde onuň 1600 çemesi goşgusy, makalalary, hekaýalary we gutarylmadyk romany bar eken.

Ýasin aklawçysyz, ýapyk sudda, 2005-nji ýylyň fewralynda on ýyl türme tussaglygyna höküm edildi. Kaşgar sudy şol ýylyň 19-njy maýynda ýazyjynyň şikaýatyna seredip, onuň tussaglyk möhletini güýjünde galdyrdy. Şondan soň Ýasiniň Urumçydaky 1-nji türmä geçirilendigi aýdylýar.

Nurmuhemmet Ýasiniň «Ýabany kepderi» hekaýasyny çap eden «Kaşgar edebiýaty» žurnalynyň redaktory Koraş Huseýin hem üç ýyl türme tussaglygyna höküm edildi (ol, aýdylmagyna görä, möhletini geçirip, 2008-nji ýylda azatlyga çykdy).

BMG-niň adam gynamalary boýunça ýörite hasabatçysy Manfred Nowak Ýasine çykarylan türme höküminiň gynamalar esasynda alnan maglumatlara esaslanýan bolmagynyň mümkindigini aýtdy.

«Human Rights in China» býulleteniniň 2008-nji ýyldaky neşirinde aýdylmagyna görä, Ýasin 2005-nji ýylyň 30-njy noýabrynda Nowak bilen söhbetdeşlikde beýleki tussaglaryň özüni kamerada mandarin dilinde geplemeýäni üçin urandyklaryny aýdypdyr.

Şeýle-de Nowak tussaglara türmede namaz okamaga rugsat berilmeýändigi barada habar alypdyr.

Nowagyň söhbetdeşligi Ýasiniň ýagdaýy barada maglumat berýän iň soňky ynamdar habar bolup durýar. Ol 2006-njy ýylda Hytaýyň hökümetine Ýasiniň boşadylmagyny sorap ýüz tutdy.

«Human Rights in China» býulleteni 2007-nji ýylyň awgustynda Ýasiniň türmede ölýänçä gynalandygy barada tassyklanmadyk habar aldy, emma bosgunlykdaky uýgur toparlarynyň şahyryň aýaly we ejesi bilen habarlaşjak bolup eden synanyşyklary netije bermedi.

2008-nji ýylda Uýgur galamdaşlar birleşigi - Uyghur PEN dünýä boýunça kampaniýa başlap, Ýasiniň «Ýabany kepderi» hekaýasyny mümkin boldugyça kän dile terjime etmäge, mümkin boldugyça kän görnüşde ile ýetirmäge çagyrdy.

«Ýabany kepderi» Azat Aziýa radiosynyň Uýgur gullugy tarapyndan efire berildi we iňlis dilne terjime edildi.

«Ýabany kepderi» allegoriki hekaýa bolup, onda kepderi patyşasynyň ogly öz kepderiler sürüsi üçin täze ýurt gözleýän wagtynda adamlar tarapyndan tutulyp, kapasa salynýar. Ol ahyrynda azatlykdan mahrum bolup, tabynlykda ýaşanyndan zäherli tudana iýip ölenini ibaly görýär. Hytaý häkimiýetleri bu hekaýany Sinjiaň Uýgur awtonom regionynyň hytaý hökümeti tarapyndan dolandyrylmagyna edilen tankyt hasaplaýar.

2013-nji ýylda Ýasiniň türmede agyr keselçilik zerarly 2011-nji ýylda, Hytaýyň Sinjiaň Uýgur awtonom regionynyň Şaýa türmesinde saklanylýan ýerinde aradan çykandygy barada habarlar ýaýrady.

Emma Ýasiniň ýakyn garyndaşlarynyň biri 2012-nji ýylyň iýulynda ýanyna baryp, şahyr bilen görşendigini, onuň saglygynyň gowy bolup görnendigini aýdyp, bu habarlary ýalana çykardy.

Şeýle-de ol 2012-nji ýylyň oktýabrynda Ýasinden hat alandygyny we bu hatyň asyl nusgadygyna ynanýandygyny aýtdy. Ýasin, eger jany sag bolsa, 2015-nji ýylyň dowamynda türmeden azatlyga çykar diýlip garaşylýardy, emma bu umyt çykman gelýär.

Biz Azatlygyň okyjylaryny Nurmuhemmet Ýasiniň uýgurçadan we iňlisçeden terjime dilen bir goşgusy bilen tanyşdyrmagy makul bildik.

Erkinlik aýdymy

Hany, siz nirede batyr erkekler,

Ýör, gideli çykyp çöl-beýewanga.

Erkin tapar onda batyr awçylar,

Möwç urar ol ruhunda hem ganda.

Çölüň aýdymyny aýdar gamyşlar,

Atlar kişňär daşda çarpaýa galyp.

Owal-ahyr gylyç gemren batyr il,

Ümsüm ýatyr indi gara ýer bolup.

Aý bir gözel gyza öwrülip, gülüp,

Gök asmana aýdyp berýär erteki.

A gamyş jeňňeli ýanýar ses edip,

Armany deý iliň gaty ýerdäki.

Biz ony diňleýäs demimiz alman,

Gulagmyz däl, belki, ýüregmiz bilen.

Gum basýar bal önjek mele ýerleri,

Emma gumdan beter özümiz, elem.

Ýör, gideli çykyp çöl-beýewana,

Gözel aýy diňläp, ýürek sowadan.

Belki-de ol batyrlaryň dessany,

Içi doly rowaýat owadan.

Geň galasy iş ýok eger duşursa,

Erkinligiň ogly, batyr soýuna.

Gel, erkin ýaşaly erkin dünýede,

Çöl aýdymyn aýdyp ömür boýuna.

(Makala metbugat, internet maglumatlary esasynda taýýarlanyldy.)

XS
SM
MD
LG