ABŞ türkmen hukuklaryna ünsi çekýär

Türkmen tussaglary

Konstitusiýada dünýewi demokratik we prezident dolandyryşyndaky respublika diýip jar edilýän-de bolsa, Türkmenistanyň hökümeti awtoritar we prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de onuň ýakyn töweregi tarapyndan kontrollykda saklanylýar diýip, ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň täze hasabatynda aýdylýar.

Ýurtdaky «iň möhüm adam hukuklary problemalary eden-etdilikli, bikanun tussag etmek, adam gynamak, raýat azatlyklaryny äsgermezlik, şol san sanda din, söz, metbugat, ýygnanyşmak, hereket azatlyklarynyň çäklendirilmegi, raýatlaryň hökümeti azat we adalatly saýlawlar arkaly çalyşmak mümkinçilikleriniň bolmazlygy" diýip, Döwlet departamentiniň ýurtlar boýunça hasabatynyň Türkmenistan bölüminiň başynda aýdylýar.

Konstitusiýanyň gadagan edýändigine garamazdan, Halkara günä geçiş guramasy Türkmenistanyň howpsuzlyk resmileriniň jenaýatda güman edilýänleri, tussaglary, şeýle-de hökümete tankydy garaýan şahslary, günäsini boýun aldyrmak we toba etdirmek üçin gynandyklaryny, urup-enjendiklerini habar berdi diýip, hasabatda bellenilýär.

Şeýle-de hasabatda türkmen türme şertleriniň örän agyrdygy we adam ömrüne howp salýandygy aýdylýar.

«Keseller, hususan-da inçekesel giň ýaýran. Käbir maglumatlara görä, tussagyň aşa köplügi üçin, resmiler inçekeselli, deri keselli tussaglary sagdyn tussaglar bilen bile saklap, keselçiligiň ýaýramagyna goşant goşupdyrlar» diýip, hasabatda aýdylýar. Ýöne bir halkara guramasynyň wekili azyndan Aşgabatda we onuň töwereginde häkimiýetleriň inçekeselli tussaglar bilen sagat tussaglary aýry saklaýandyklaryny habar beripdir.

Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi bolsa Daşoguzdaky aýallar türmesinde hem inçekeselli tussaglar bilen sagat tussaglaryň aýry saklanylýandygyny aýdypdyr.

Mundanam başga, sentýabrda hökümet resmileri diplomatik korpusyň wekillerine Daşoguzdaky aýallar türmesine baryp görmäge ýol beripdirler. Ilerleme hökmünde, hasabatda Ahal, Lebap we Mary welaýatlaryndaky türmelerde tussaglara çemeleşmäniň we berilýän naharyň hiliniň biraz gowulanandygy aýdylýar.

Eden-etdilikli tussag etmelere, adam gynamalaryna mysal hökmünde Wiktor Ýarigin, Rustam Nazarow, Çarygeldi Jumaýew, Jamila Adylowa ýaly Ýehowa şaýatlarynyň, buluç azlygynyň hukuklaryny goraýan aktiwist Mansur Mingelowyň atlary getirilýär.

Oppozisiýa wekilleri we halkara guramalary Türkmenistanda syýasy bendileriň we tussaglaryň bardygyny aýdýarlar, emma 2002-nji ýylda prezident Nyýazowyň janyna kast etmek synanyşygy diýilýän bilen ilteşikli şahslary hem öz içine alýan tussaglaryň anyk sany belli däl diýip, hasabatda aýdylýar.

Şonuň bilen bir wagtda, halkara guramasynyň wekiliniň aýtmagyna görä, türkmen hökümeti 2014-nji ýylda hökümet agdarylyşygy synanyşygy bilen bagly 104 adamyň türmä basylandygyny, olaryň 32-siniň boşadylandygyny aýdypdyr.

Şeýle-de hasabatda raýatlaryň hususy jaýlarynyň ýykylmagy bilen, emläk hukuklarynyň bozulýandygy, howpsuzlyk gulluklarynyň adamlaryň şahsy, maşgala durmuşyna eden-etdilikli goşulyp, kanuny esas bolmazdan, resmileri, raýatlary, hökümet garşydaşlaryny we tankytçylaryny, daşary ýurtlulary gözegçilik astynda saklaýandygy aýdylýar.

Elbetde, bu gözegçilik telefon gürrüňlerini ýazgy etmegi, elektron aragatnaşygyny yzlamagy we habarçylary ulanmagy hem öz içine alýar.

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň dünýä ýurtlarynda adam hukuklarynyň ýagdaýy boýunça 13-nji aprelde çap eden hasabatynda Türkmenistanda çap edilýän kitaplaryň we metbugatyň tasdan hemmesiniň hökümet tarapyndan maliýeleşdirilýändigi we kontrolda saklanylýandygy aýdylýar.

Garaşsyz «Rysgal» hepdeliginiň bolsa, esasan döwlet mediasynyň materiallaryny göçürmek bilen meşgullanýandygy bellenilýär.

Hasabatyň söz we metbugat azatlygy bölüminde türkmen häkimiýetleriniň daşary ýurt metbugaty bilen hyzmatdaşlyk edýän raýat žurnalistlerine yzygiderli gözegçilik edip, olara azar bermegi dowam etdirýändigi bellenilýär we bu meselede Azatlyk radiosy bilen bagly mysallar getirilýär.

Saparmämmet Nepesgulyýew


«Häkimiýetler Azatlyk radiosynyň ştatdan daşary habarçysy Saparmämmet Nepesgulyýewi 7-nji iýulda tussag edip, biraz soň neşe maddalary bilen ilteşikli aýyplama esasynda üç ýyl türme tussaglygyna höküm etdiler, emma HRW guramasy onuň syýasy sebäpler esasynda tutulandygyny aýdyp, bu aýyplamany sorag astyna aldy diýip, hasabatda aýdylýar.

Şeýle-de hasabatda Türkmenistanyň internet azatlygy, ylmy we medeni azatlyk, parahatçylykly ýygnanyşmak, bileleşmek, din, hereket, syýasy proseslere gatnaşmak azatlygy ýaly esasy adam hukuklarynda dowam edýän çäklendirmeleri görkezilýär.

Şonuň bilen bir wagtda, hasabat ýurtda korrupsiýanyň howpsuzlyk gulluklary bilen bir hatarda ähli sosial we ykdysady pudaklarda bardygyny belläp, adamlaryň korrupsiýa faktlaryny aýan etmekden çekinýändiklerine, sebäbi hökümetiň munuň üçin ar almagyndan gorkýandyklaryna ünsi çekýär.