Belet bolmasaň, söýmek mümkin

Çarlz Bukowski

21-nji martda - Bütindünýä Şygryýet gününde dünýäniň 34 ýurdunda elde ýazylan her goşgy üçin bir çaşka kofe mugt berildi, has dogrusy, kofäniň bahasy şygyr bilen tölendi.

Bu medeni däp esasan merkezi we gündogar Ýewropda, şol sanda Londonyň, Edinburgyň, ABŞ-nyň, Kanadanyň we Awstraliýanyň bir topar ýerinde kofäniň bahasy goşgy bilen tölendi.

Biz bu ajaýyp däbiň bir gün öňki sowet respublikalaryna, şol sanda Türkmenistana hem gelmegini arzuwlap, Bütindünýä Şygryýet güni mynasybetli Azatlyk radiosynyň okyjylaryna meşhur amerikan şahyry Charlz Bukowskiniň (1920 – 1994) aýdan käbir sözleriniň we bir goşgusynyň terjimesini hödürlemegi makul bildik.


***
Ýazyjylar ruhdan düşen adamlardyr, haçanda umyt dörände, olar ýazyjy bolmagyny bes edýär.

25-de islendik adam geniý bolup biler, 50-de munuň üçin nämedir bir zat etmek gerek.

Intellektual ýönekeý zatlar barada çylşyrymly gürrüň edýär, hudožnik çylşyrymly zadyň keşbini ýönekeý sözler bilen şekillendirýär.

Men dünýäni gowulyga tarap üýtgedip boljagyna ynanmaýaryn, emma ony erbet etmejek bolup çytraşmalydygyna ynanýaryn.

Dünýäni halas etmäge başlamak üçin her bir adamy aýratynlykda, bir-biriniň yzyndan halas etmeli; hemmeleri halas etmek - bu romantizm ýa-da syýasat.

Elbetde, gaty belet bolmasaň, adamy söýmek mümkin.

Eger sen bir adamy aldamagy başaran bolsaň, bu onuň samsykdygyny aňlatmýar, saňa gereginden kän ynam bildirilendigini aňladýar.

300 goşgy

Ol diýdi: “Bak muňa, ikije aýda
Üç ýüz sany goşgy ýazdym ajaýyp.”
Hem tutdurdy petde kagyz elime,
Men diýdim içimden: “Wah, bary haýp!”

Ýaşajyk gyz çykdy ýokaryk näzli,
Hem getirdi dür-dümenli tabagy.
Onuň kottežinde, gözel kenarda
Deňiz towsup girjek boldy içerik,
Men ýüzümi bukdum ak kagyzlarda.

Ol diýdi: “Bu sapar içipdirin bek,
Hemem ýazypdyryn, okaýaňmy sen?”
Ýaş gyz diýdi: “Gerek bolsa ýene et,
Getireýin derrew garaşdyrman men?”

Ol baýdy, meň durdy öýkenim görnüp,
A deňiz içerik girjekdi, girjek.
Men gutuljak boldum sahypa çümüp,
Bular goşgy däldi aýdylsa gerçek.

“Neneň gördüň? Niçik?” Sorady kişi.
Diýdim: “Boljak käsi... ýöne men heniz
Okap gutaramok...” Gysdym-da dişi.
Soň daşaryk çykdym, ýöneldim aşak.

Çygly çägä basyp, oýlandym uzak,
Suw bilen Aý göze saldylar duzak.
Soňra töwerege aýlandym biraz,
Ahyram ýokaryk ýöneldim assa,
Ýolugruna pikir etdim, elgaraz,
Goşgulaň boşlugy egnimden basdy.