Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ozalky orunbasary Hojamuhamedowyň gulluk ýagdaýyndan hyýanatçylykly peýdalanyp, para alandygyny we sorag edileninden soň dürli adamlardan alan bir ýarym million dollar möçberindäki parasyny yzyna tabşyrandygyny aýdýar.
Şol bir wagtda ýurduň nebit-gaz pudagynda üsti açylandygy aýdylýan korrupsiýa barada doly maglumat berilmeýär.
Türkmen telewideniýesiniň maglumatyna görä, prezident Berdimuhamedow anna güni geçiren hökümet maslahatynda ýurduň ýokary gözegçilik edarasynyň we prokurartura edaralarynyň geçiren barlaglarynda Türkmenistanyň nebit-gaz toplumynyň kärhanalarynda düýpli artdyryp ýazmalaryň ýüze çykarylandygyny habar berdi.
Şeýle-de, prezidentiň tassyklamagyna görä, bu pudagyň işine öz borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmeýän firmalar hem çekilip, döwlete düýpli zyýan ýetirilipdir.
«Geçirilen soňky barlaglar bu ýaramaz işlere Hojamuhammedowyň hem gönüden-göni gatnaşandygyny görkezdi, ol gulluk ýagdaýyndan hyýanatçylykly peýdalanyp, para almak ýaly ýaramaz işlere hem baş goşupdyr" diýip, prezident Berdimuhamedow 4-nji martda Ministrler kabinetiniň mejlisine gatnaşyjylara ýüzlenip aýtdy.
Habarda aýdylmagyna görä, ýurduň baş prokurory Hallyýew mejlisde ýurduň nebit-gaz toplumynda geçirilen barlaglar we olaryň netijeleri barada hasabat beripdir.
«Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň nebit-gaz toplumynda ýolbaşçylaryň birnäçesi eýeleýän wezipesinden peýdalanyp, düzgün bozmalara ýol beripdir» diýip, telewideniýäniň habarynda bu hasabatyň jikme-jiklikleri, ýagny aýdylýan korrupsiýanyň möçberleri we ýaýrawy barada maglumat bermekden saklanylýar.
Şol bir wagtda-da prezidentiň A.Hallyýewe ýüzlenip, bu derňewi dowam etdirmek we onuň netijeleri boýunça «ähli günäkär adamlara, eýeleýän wezipesine garamazdan, kanun esasynda çäre görmegi» tabşyrandygy habar berilýär.
Mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň 6-njy noýabrynda, Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň on aýyň jemlerine bagyşlanylyp geçirilen mejlisinde Baýmyrat Hojamuhammedow «saglyk ýagdaýy sebäpli» diýlip, wezipesinden boşadylypdy.
Şol wagt TDH ýurduň nebit-gaz pudagyna gözegçilik eden wise-premýere prezidentiň «ak ýürekden çeken zähmeti, nebit-gaz pudagynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak ugrunda eden uly işi üçin» minnetdarlyk bildirendigini habar beripdi.
Prezident Berdimuhamedow mejlisde eden çykyşynda soňky ýyllarda ýurduň hukuk goraýjy edaralarynyň oňat kanunçylyk binýadynyň döredilendigini, munuň ýaramaz hadysalara garşy netijeli göreş alyp barmaga mümkinçilik berýändigini aýtdy.
«Şoňa görä-de, parahorluk we korrupsiýa ýaly ýaramaz hadysalaryň garşysyna berk göreşjekdigimizi we onuň öňüni aljakdygymyzy hem ähli ýolbaşçylara ýene-de bir gezek berk duýdurýaryn» diýip, prezident nygtady.
Döwlet baştutanyň sözlerine görä, gelýän aýlarda welaýatlaryň häkimleriniň we oba hojalyk toplumlarynyň aýry-aýry ýolbaşçylarynyň ýurtda azyk bolçulygyny üpjün etmek barada edilen işler dogrusyndaky hasabatlary diňleniler.
Mundanam başga, türkmen lideri Ministrler kabinetiniň mejlisinde statistika edaralarynda artdyryp ýazmalara ýol berlendigini, döwlet hasabatynda nädogry hasabatlaryň berilýändigini boýun aldy.
Türkmenistan Halkara aýdyňlyk guramasynyň soňky hasabatynda Korrupsiýa indeksi boýunça 154-nji orny alyp, iň korrupsiýa çümen ýurtlaryň arasynda agzaldy.