Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

'Korrupsiýany ýok etmäge erk-isleg gerek'


Para (Shutterstock)
Para (Shutterstock)

Sowet döwründe Gürjüstan hem korrupsiýa çümen respublika diýip bilinýärdi. Emma Mihail Saakaşwili prezident bolan ýyllarynda bu ýurtda korrupsiýa mazaly azaldy, ýagny bu ýurt Halkara aýdyňlyk guramasynyň soňky hasabatynda Korrupsiýa indeksi boýunça 52-nji orny aldy, ýatlatsak, Türkmenistan 154-nji orny alyp, iň korrupsiýa çümen ýurtlaryň arasynda agzaldy. Eýsem Gürjüstanda korrupsiýa nädip azaldy?

Azatlyk Radiosy gürjüstanly ekspert, Halkara aýdyňlyk guramasynyň wekili Erekle Uruşadze bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Gürjüstanyň korrupsiýa garşy göreşi tutuş postsowet giňişliginde iň netijeli mysallaryň biri bolup galýar. Bu netijeliligiň syry nämede?

Erekle Uruşadze: Gürjüstanyň hakyky anti-korrupsion reformalary barada 2004-nji ýyldan başlap gürrüň etmek mümkin. Ondan öň Gürjüstanda korrupsiýa garşy çynlakaý çäre görülmeýärdi we goňşy ýurtlarda häzire çenli saklanyp galýan problemalar höküm sürýärdi. Gürjüstanda korrupsiýa garşy göreşiň üstünlikli bolmagyna 2003-nji ýylyň aýagynda 2004-nji ýylyň başynda häkimiýet başyna gelen güýçleriň syýasy erk-islegi sebäp boldy.

Şeýle-de korrupsiýa garşy reformalary geçirmezden, netijeli hökümetiň we işe ukyply döwletiň bolmajagyna göz ýetirilmegi-de reformalaryň netijeli bolmagyna getirdi. Sebäbi hökümet şol döwre deňeç salgyt ýygnamak we jenaýatçylyga garşy göreşmek ýaly esasy wezipelerini-de berjaý edip bilenokdy. Şonuň üçin hökümet öz işiniň uzak möhletleýin netijeliliginiň korrupsiýa garşy reformalaryň üstünligine garaşly bolup durýandygyna göz ýetirdi. Şeýlelikde problemanyň agyrlygyny boýun almaklyk we ony aradan aýyrmak üçin dörän syýasy erk-isleg ilkinji ädim boldy.

Azatlyk Radiosy: Korrupsiýany aradan aýyrmak boýunça çäreler nämeden başlandy?

Erekle Uruşadze: Ilkinji tapgyrda amala aşyrylan möhüm reformalaryň biri salgyt sistemasynda geçirildi. Netijede döwlet gaznasyna pul gelip başlady we bu serişdeler korrupsiýa garşy reformalaryň dowam etdirilmegine mümkinçilik berdi. Hususan-da, bu pul hökümete polisiýa işgärleriniň, beýleki döwlet edaralarynyň işgärleriniň aýlyklaryny köpeltmäge mümkinçilik berdi.

Umuman, iş ýüzünde amala aşyrylan takyk çäreleriň arasynda birnäçesini belläp bolar. Birinjiden, korrupsiýa baş goşýan häkimiýet başyndaky adamlary, wezipeli ýolbaşçylary we resmileri çynlakaý yzarlamak işi başlandy. Ýüzlerçe adam tussag edildi, ençeme adam işden kowuldy. Esasan polisiýada köpçülikleýin işden çykarma boldy. Ýagny kanuny goramak boýunça güýçli prosesi başlandy we parahorluga ýüz uran adamlar jenaýat jogapkärçiligine çekildiler.

Üstesine, döwlet administrasiýasy derejesinde dürli gulluklaryň işiniň aýdyňlygy artdy. Bu şol sanda elektron hyzmatlaryň ençemesiniň girizilmegi bilen bagly boldy. Köp hyzmatlar elektron görnüşinde, şol sanda Internet arkaly amala aşyrylyp başlandy. Bu açyk-aýdyňlygy artdyryp, korrupsiýa ýol açýan mümkinçilikleri çäklendirdi. Döwlet býurokratiýasynyň dürli ugurlarynda özüňi alyp barmagyň takyk düzgünleri kesgitlendi. Resmileriň, şol sanda pes derejelerdäki ýolbaşçylaryň hereketleriniň erkinliligi çäklendirildi. Şeýle çäreleriň netijesinde Gürjüstan iň bärkisi kiçi derejelerdäki döwlet edaralarynda korrupsiýany ýok etmekde üstünlik gazandy.

Azatlyk Radiosy: Gürjüstanda şu günki gün haýsy-da bolsa bir görnüşde korrupsiýa bilen bagly problema barmy?

Erekle Uruşadze: Gürjüstanda kiçi korrupsiýa we maýda parahorluk doly ýok edildi diýmek mümkin. Administratiw we býurokratik hyzmatlar bilen bagly korrupsiýa Gürjüstanda düýpden ýok diýen ýaly. Barlaglara syn etsek, haýsy-da bolsa bir hyzmatlar üçin özünden para soralandygyny aýdýan adamlaryň sany gaty ujypsyz bolup, bu 1-2% derejesinde görkezilýär. Emma korrupsiýanyň has çylşyrymly görnüşlerini alyp görsek, döwlet söwdasy, ýa-da syýasy partiýalaryň maliýeleşdirilmegine degişli syýasy korrupsiýa, ýokary wezipeli resmileriň hususy sektor bilen baglanyşygy ýa-da bikanun biznese baş goşmagy ýaly ýagdaýlar saklanýar. Muňa, ýerine ýetiriji häkimiýetiň hiç hili hasabat bermezligi sebäp bolup biler. Beýleki postsowet döwletlerde bolşy ýaly Gürjüstanda-da ýerine ýetiriji häkimiýetiň häkimiýetiň beýleki şahalarynyň üstünden rüstemligi agdyklyk edýär.

XS
SM
MD
LG