Prezident, hökümet we maşgalaparazlyk

Merkezi Aziýaly liderler

Merkezi Aziýada sýyasatyň we ykdysadyýetiň maşgala meselesi diýlip hasaplanmagy täzelik däl. Mundan ozal Gazagystanda prezidentiň öz giýewisini aňtaw gullugynyň ýolbaşçysy wezipesine, öz gyzyny bolsa premýer-ministriň orunbasary wezipesine belländigine şaýat bolduk.

Özbegistan bilen Gyrgyzystanda hem prezident maşgalasynyň agzalarynyň dürli wagtlarda ýokary wezipelere bellenendigini bilýäris, Türkmenistanda Niýazowyň döwründe bolmasa-da, şeýle tendensiýalar häzirki prezidentiň ýolbaşçylygynda göze ilip başlady.

Emma Merkezi Aziýada garyndaşparazlyk diýlende soňky döwür Täjigistanyň prezidenti bu ýaryşyň başyny çekýär. Ol ýakynda gyzy Ozodany prezident aparatynyň ýolbaşçysy edip belledi, 7 gyzy we iki ogly bolan prezidentiň maşgalasynyň her agzasy ýokary wezipeleriň birinde işleýär.

Eýsem Merkezi Aziýada bu tendensiýa nähili başlady, bu meselede haýsy ýurtda ýagdaý nähili, bu ýagdaýyň geçmişde nähili netijeleri boldy we geljekde onuň ýurda we ilata nähili täsiri bolar? Mejlisiň nobatdaky sanynda şu temalar barada gürrüň edilýär.

Mejlsiň myhmanlary:

Steve Swerdlo: adam hukuklaryny goraýjy “Human Rights Watch” guramasynyň Merkezi Aziýa boýunça barlagçysy;

Alisher Ilkhamov: Asly Özbegistandan bolan synçy, häzir London Uniwersitetinde Gündogar we Afrika boýunça synçy alym;

Cathrine Putz: Düýbi Waşingtonda ýerleşýän “The Diplomat” neşiriniň Merkezi Aziýa boýunça redaktory;

Bruce Pannier: Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Merkezi Aziýa boýunça habarlar çap edýän blogy – “Qishloq Ovoziniň” redaktory.

Programmany Azatlyk Radiosynyň müdiri Muhammad Tahir alyp barýar.

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Prezident, hökümet we maşgalaparazlyk