Täjigistanyň Konstitusiýa sudy 4-nji fewralda ýurduň baş kanunyna girizilen düzedişleri, ýagny prezident Emomali Rahmonyň prezident dinastiýasyny döretmek hukugyny kanuny tapdy.
22-nji ýanwarda kabul edilen düzedişlere görä, 63 ýaşyndaky Rahmon, sanyna garamazdan, gaýtadan saýlawlarda bäsleşip, çäk goýulmazdan prezident saýlanyp biler.
Şeýle-de düzedişlerde prezident bolmak üçin talap edilýän 35 ýaş azaldylyp, 30 ýaşa getirildi.
Bu Rahmonyň uly ogly Rustama 2020-nji ýyla planlaşdyrylan saýlawlarda prezident saýlawlaryna gatnaşmaga ýol açýar.
Ýene bir düzedişe görä bolsa, Rahmon «Milletiň lideri» boldy. Bu kanun oňa hem garyndaşlaryna ömürlik jogapkärçilige çekilmezlik hukugyny berýär.