Britan şahyry we žurnalisti Jeýms Fenton şu ýylyň PEN Pinter baýragyna, ýazyjylara batyrlyk üçin berilýän halkara sylaga mynasyp boldy. Sudýalar ony "häkimiýete hakykaty gönümel, gorkusyz we owadan" aýdyp bilmekde tarypladylar.
Bu baýrak öz kriteriýasyny merhum ýazyjy Harold Pinteriň Nobel baýragyny alanda sözlän sözünden alýar.
Pinter şol sözünde özüniň graždan hökmündäki ynanjyndan söz açyp, biziň durmuşlarymyzyň we jemgyýetlerimiziň çyn hakykatyny kesgitlemek üçin adamyň dünýä göni garap, gypynç etmän "kesgin intellektual aýgytlylygyny" görkezmeginiň "hökmanydygyny" aýdypdy.
"Eger-de biziň syýasy pikir-düşünjämiz şeýle aýgytlylygy öz içine almasa, onda biziň özümizde ýitere gelen zady - adam mertebesini dikeldip biljegimize hiç bir umyt galmaýar" diýip, Pinter 2005-nji ýylda aýdypdy.
Bu baýrak ozal Salman Ruşdi, Tom Stoppard we Karol Ann Daffi mynasyp bolupdy. Žýuriniň göwnünden turan goşgularyň biri-de Fentonyň "Gan we gurşun" goşgusy boldy.
Biz bu goşgynyň iňlisçeden terjimesini Azatlygyň okyjylaryna hödürlemegi makul bildik.
Gan we gurşun
Sen olaryň edenne bak,
Seretme gep, söz urşuna.
Gan bilen ýazylan, bilseň,
Guýlandyr ilki gurşuna.
Gurşun parçalar ýüregi,
Gurşun geçse, dargar beýni.
Gan bilen ýazylan, bilseň,
Gurşundan guýlandyr aýny.
Ýürek bir deprekdir, bilseň,
Hem depregiň duzagy bar.
Duzak gan içinde gurlan.
A gan howadan aňkaýar.
Sen olaryň edenne bak.
Seret, näme bolar ahyr.
Sen gany gör siňe bakyp,
Hem diňle depregiň ahyn.