Meşhur german ýazyjysy, Nobel baýragynyň eýesi Günter Grass 13-nji aprelde, 87 ýaşynda aradan çykdy.
Ol öz ilkinji romany – «Galaýy deprek» (The Tin Drum) çap edileninden soň, Günbatar metbugatynda ýazylmagyna görä, Germaniýanyň wyjdanyna öwrüldi we köplenç nasistik geçmişe garşy durmagyň tutanýerli mugallymy hökmünde häsiýetlendirildi.
Ýazyjynyň eserleriniň arasynda şu günlere çenli hem iň meşhury bolup durýan «Galaýy deprek» 1959-njy ýylda, Sowuk uruş we uruşdan soňky dikeldiş fonunda çap edilende, Germaniýa Federatiw Respublikasynda Üçünji Reýh, hususan-da Holokost barada doly diýen ýaly dymylýardy.
Bu kitabyň şol wagt şeýle aňk ediji bolmagynyň bir sebäbi hem şundady we muny häzir göz öňüne getirmek hem aňsat däl.
Grass öz ildeşlerine nasistik geçmişi ýatda saklamagyň we ondan dogry-dürs netijeleri çykarmagyň zerurlyklary barada yzygiderli sapak berdi.
Üçünji Reýhiň salan şeýle uzak kölegesi hem onuň 1990-njy ýylda iki Germaniýanyň birleşdirilmegine garşy durmagyna, birnäçe ýyl soň bolsa, Germaniýanyň daşardan gelen bosgunlara oturym bermek baradaky kanunçylygyny berkitmäge razylyk bereninden soň, Sosial Demokratik partiýadan çykmagyna alyp geldi.
Günter Wilhelm Grass 1927-nji ýylyň 16-njy oktýabrynda Azat şäher Danzigde, Polşanyň häzirki Gdansk şäherinde eneden dogulýar.
Ol 1999-njy ýylda Nobel baýragyny almazyndan kän öň kyssaçy, şahyr, dramaturg, bezegçi hudožnik, heýkeltaraş hökmünde giňden tanalýar.
Ol 1945-nji ýylyň maýynda ABŞ güýçleri tarapyndan ýesir alnanda 1944-nji ýyldan bäri Waffen SS-iň, ýaragly eskadronyň hatarynda ýetginjek esger bolup gulluk edýärdi we 1946-njy ýylyň aprelinde azat edildi.
Grass daş ýonujy we heýkeltaraş hökmünde tälim alyp, ýazyjylyk işine 1950-nji ýylda başlaýar. Onuň ilkinji we iň gowy bilinýän eseri bolan «Galaýy deprek» Ýewropanyň jadyly realizminiň esasy kitaby hasaplanýar. Bu eser onuň «Danzig» trilogiýasynyň - «Pişik we syçany», «It ýyllaryny» hem öz içine alýan tutumly esriniň birinji kitabydy.
«Galaýy deprek» kino hem edildi we 1979-njy ýylda «Palme d'Or» baýragyna we iň gowy daşary ýurt filmlerine berilýän Akademiýa sylagyna mynasyp boldy.
Grassyň 1959-njy ýylda çap edilen «Galaýy deprek» romany 1999-njy ýylda edebiýat boýunça Nobel baýragyna mynasyp boldy.
Ýazyjynyň ölüm habary bilen ugurdaş çap edilen makalalarda onuň hemişe gapma-garşylykly bolandygy, käte ýurt içindäki tankytçylar tarapyndan Germaniýanyň geçmişi baradaky eserleri üçin berk tankyt edilendigi, daşary ýurtlarda bolsa, Germaniýanyň uruşdan soňky wyždany diýlip atlandyrylandygy aýdylýar.
Günbatar metbugatynyň materallary esasynda taýýarlandy.