Meşhur amerikan şahyry Çarlz Bukowskiniň janköýerleri geçen hepde (16-njy awgustda) onuň doglan gününiň 95 ýyllygyny bellediler, ol 1994-nji ýylda aradan çykypdy.
Çarlz Bukowski diňe bir şahyr däl, öndümli işlän hekaýaçy, romançy ýazyjy hem bolupdy. Iň esasysy bolsa, ol dünýäde sungatdan ölüme çenli aralykda ähli zat barada öz elekden geçirilmedik pikir-garaýyşlaryny gönümel aýdyp bilen ýazyjy bolupdy.
Ol öz eserlerinde köplenç amerikan şäher durmuşynyň egbarlan we ahlak taýdan pese düşen adamlarynyň ykballaryna ýüzlenerdi.
Elbetde, sosial ulgamlarda Çarlz Bukowskini aşa abardylan şahyr hasaplap, onuň hiç zadyny okamandygyny aýdýanlar-da, ýaşlaryň ony elden düşürmän okaýandygyny boýun alýanlar-da bar.
Ikinji tarapdan, internetde şahyryň aýdan sözleriniň uly söýgi we hormat bilen sitirlenişini görmezlik mümkin däl. Mysal ňçin: "Sen dünýäni halas etmegi wagtynda bir adamy goramakdan başla, galan zatlaryň hemmesi ägirt uly romantizm ýa-da syýasatdyr."
Onuň durmuş baradaky meşhur pentlerinden biri bolan "Ylalaşma" diýen pentde şeýle diýilýär:
"Men tutuş dünýäni alardym ýa-da onuň ýerine hiç zady almazdym. Sen özüňe doly mynasyp görýän ýa-da ýüregiňden isleýän zadyňdan bärde hiç bir zada razy bolmaly dälsiň. Iň gowusyny almaga çalyş we özüňi doly hoşwagt etjek zatdan bärde hiç zady kabul etme. Ýarym-ýalta netije üçin ylalaşyp, öz maksadyňdan el çekmek ýaly manysyz zat ýokdur, ol seni ömrüň boýy arzuw-armanda goýar."
Bukowskiniň "özüň bolmakdan gorkmazlyk we ýüregiňdäkini açyk sözlemek, başga biri bolup görünjek bolman, hakyky özüň bolup ýaşamak" baradaky pendi hem meşhur. Şeýle-de ol "Dünýäniň problemasyny akylly adamlaryň özüne aşa kän şübhelenmeginde, akmaklaryň bolsa özüne aşa kän ynanmagynda" hasaplapdyr.
Doglan gününiň 95 ýyllygy mynasybetli, Azatlygyň okyjylaryna Çarlz Bukowskiniň birnäçe goşgusynyň iňlisçeden terjimesini hödürleýäris.
Gök guş
Meniň ýüregimde bir gökje guş bar,
çykyp, uçup gitmek içde hyýaly,
emmaki men oňa şeýlebir ýowuz,
diýýän otur şol oturan ýeriňde,
men seni hiç kime görkezmen häli.
Meniň ýüregimde bir gökje guş bar,
çykyp, uçup gitmek başda hyýaly,
emmaki men wiski guýýan üstünden,
çilim tüssesini sorýan aldygna,
onsoň ne lolular, ne meýhanaçy,
ne dükançy bilýär onuň
içde oturanyn bir ýesir ýaly.
Meniň ýüregimde bir gökje guş bar,
çykyp gitmek başa barsa hyýaly,
emmaki men oňa ýowuz daraýan,
diýýän otur aşak, ýa buşlaşdyrmak
isleýäňmi meni galynmaz ýaly?
Pyrryk etjek bolýarsyňmy işimi?
Ýewropada kitaplarym alynman,
hiç ýyrşarmaz etmekçimiň dişimi?
Meniň ýüregimde bir gökje guş bar,
bolsa, çykyp gaçjak, gitjek uzaga,
emmaki men ýeser örän,
hem diňe kä gijelerne,
il ýatanda içden daşa goýberýän.
Men diýýärin bilýän bardygyň onda,
bilmeýändir öýdüp çekme kän girýan.
Soňra ony ýene salýan yzyna,
ýöne ol içerde saýramaýar kän,
men ony saklaýan garaz öldürmän,
biz bileje uka gidýäris şeýdip,
gizlin şertnamamyz kimsä bildirmän,
bu ýeterlik aglatmaga adamy,
emma men aglamok,
sen aglaýaňmy?
Gülýän ýürek
Seniň ömrüň diňe seniň özüňki,
taýaklap saldyrma ony
çyg çukurna tabynlygyň,
goragynda dur göni.
Bir çäresi bardyr hökmän,
ýagtylyk bar bir ýerlerde,
beýle ýiti bolmasa-da,
ýöne ol garaňky-tüme
zarbasyny urar gorkman.
Goragynda dur çekinmän,
hem hudaýlar saňa eçiler çäre,
bil olary wagtynda,
al olary wagtynda.
Sen ölümi ýeňip bilmersiň, belli,
emma diri wagtyň käte
çykarsyň ajaldan üstün.
Hemem näçe kän göreşi öwrenseň,
ýagtylyk köp açar garaňkyň köstün.
Seniň ömrüň diňe seniň özüňki,
düşün muňa diri wagtyň, ölmäkäň,
sen ajaýyp, hak-hudaýlar içiňde
hözir görjek bolýar, tutunyp mekan.
Sebäp we netije
Iň gowular köplenç öz eli bilen
sebäp bolýar öz-özüniň ölmegne,
diňe dynmak, başyn gutarmak üçin,
ýöne oň yzynda galanlar hergiz
düşünip bilmeýär neden birlerniň
özlerinden gaçyp dynjak bolmagna.