Ybadathana ýolbaşçylary şahsy durmuşyna we goşgularynda hristiançylygyň ölýän din bolmagynyň ahmaldygy barada aýdan pikirlerine göz ýummaga taýýardyklaryny aýdanlaryndan soň, Angliýanyň tanymal şahyrlarynyň biri Filip Larkiniň hatyrasyna Westminister abbatlygynyň Şahyrlar çüňkünde hatyra daşy goýulmaly edildi.
Hatyra daşy 2016-njy ýylyň 2-nji dekabrynda, şahyryň ölüminiň 31-nji ýyl dönüminde açylar. Emma ol daşa şahyryň iň tanymal we köp sitirlenen setirleri däl-de, ybadathana baradaky setirleri ýazylar.
Ol ybadathana "çynlakaý ýerdäki çynlakaý jaý" diýipdi. Ýöne ol boş haňlap ýatan ybadathana baryp göreninden soň, ybadata gatnamak däbiniň ölýändigi barada pikir öwrüpdi, şol bir wagtda-da bu ýeri - ybadathanany durmuşyň iň bir çynlakaý meseleleri barada pikirlenmek üçin saklamalydygyny aýdypdy.
Şahyr, ýazyjy we kitaphanaçy bolan Filip Larkin 1985-nji ýylyň 2-nji dekabrynda ýogaldy (Ol 1922-nji ýylda doglupdyr.).
Filip Larkin 1943-nji ýylda Oksfordy tamamlap, kitaphanaçy bolýar. Ol ýazyjy-şahyrlygynyň gapdalyndan 31 ýyllap uniwersitet kitaphanaçysy bolup işleýär.
Şahyr 1955-nji ýylda çap edilen ikinji goşgular ýygyndysy - "The Less Deceived" bilen uly meşhurlyk gazanýar. Larkin ýogalmazyndan bir ýyl öň, 1984-nji ýylda ýurduň Laureat şahyr derejesini almakdan boýun gaçyrdy.
Onuň goşgulary köp sylaga, şol sanda patyşanyň poeziýa üçin Altyn medalyna mynasyp boldy.
Filip Larkiniň goşgulary, kyssa eserleri, jaz hakyndaky makalalary, beýleki işleri barada onlarça syn, analiz ýazyldy, onuň aýdan oýlandyryjy sözleri bolsa, muşdaklarynyň arasynda şindem dilden düşmän gelýär.
Mysal üçin, ol «Poeziýa diňe şahyryň işi, başgalar muňa burnuny sokmasyn» diýipdir. Şeýle-de onuň «Meniň duşmanym ýok, emma dostlarym meni halamaýar», «Özboluşlylyk özüňden tapawutlanmak, başgalardan däl» diýen sözleri ýatda galýar.
Ýöne onuň ýogalandan soň üsti açylan hatlarynyň käbiri şahyryň at-abraýy, şahsy durmuşy we syýasy garaýyşlary barada gapma-garşylykly pikirleri döretdi.
Özboluşlylyk özüňden tapawutlanmak, başgalardan däl.Filip Larkin
Onuň bu hatlarynda görnetin jynsparazlyk, aýallary ýigrenmek ýaly zatlar bardy. Mundanam başga, ol Oksford hemşerisi Reýçel Trikete ýazan hatlarynda özüni poeziýa professory edip bellemezligi haýyş edýär we poeziýa professory bolanyndan hendekde ölenini gowy görýändigini aýdýar.
Şeýle-de ol leksiýa bermegi, edebiýat üýşmeleňlerine gatnaşmagy gaty ýigrenipdir we olary "ýerdäki dowzah" atlandyrypdyr.
Emma muňa garamazdan, Larkin 2003-nji ýylda Poeziýa kitaplary jemgyýeti tarapyndan seçilip alnan şahyr boldy, ýagny ýogalanyna tas ýigrimi ýyl soň geçen 50 ýylda Britaniýanyň iň söýlen şahyry hasaplandy. "The Times" gazeti ony 2008-nji ýylda Brtitaniýanyň uruşdan soňky iň beýik ýazyjysy atlandyrdy.
Filip Larkin jemgyýetiniň ýolbaşçysy, şahyryň adynyň Şahyrlar çüňkünde ebedileşdirilmegi babatdaky kampaniýanyň öňüni çeken professor Edwin Dawes onuň 2016-njy ýylda ýurduň medeni merkeziniň ortarasynda, Westminister abbatlygynda, Britaniňýanyň iň beýik ýazyjylarynyň arasynda orun aljagyna buýsanjynyň çäginiň ýokdugyny aýdýar.
Westminister abbatlygyndaky Şahyrlar çüňki ol ýerde 1556-njy ýylda, orta asyrlaryň iň beýik şahyry hasaplanýan Jefriý Çauseriň (Geoffrey Chaucer) jesedi jaýlanandan soň döredilipdir.