Ismaýilowa: Men türmede bolsam-da, iş dowam eder

Hatyja Ismaýylowa.

Azatlyk Radiosy bilen hyzmatdaşlyk eden görnükli azerbaýjan žurnalisti Bakuwyň sudunda boýnegmezlik bilen eden jemleýji beýanatynda ykdysady jenaýatçylykda aýyplanyp, suda çekilmeginiň özüni ruhdan düşürmegi ýa işini togtatmagy başarmandygyny aýtdy.

Prosesiň syýasy äheňlidigini aýdýan Hatyja Ismaýylowa 31-nji awgustda sudy özüne ýöňkelýän günäleri oýlap tapanlykda aýyplady. Derňeýji žurnalistiň bellemegine görä, maksat ony türmä dykyp, nebite baý öňki sowet respublikasynda onuň ýokary hökümet derejelerinde bolýan korrupsiýany derňemeginiň öňüni almak.

Ol: "Meniň türmede oturmagym mümkin, ýöne iş dowam eder" diýdi.

Sud Ismaýylowa öz beýanatyny doly okamaga rugsat etmedi.

9 ýyl türme tussaglygy

Öten hepde prokuror oňa 9 ýyl türme tussaglyny soranyndan soň Ismaýylowa özi we özi ýaly garaşsyz pikirli žurnalistleriň "korrupsiýanyň, bikanunlygyň üstüni açjakdygyny" aýdyp, "biziň edýän işimiz gaty möhüm" diýdi.

"Tölenen baha tussag edilmek, gorkuzylmak bolsa-da, biz ýazyp, halky habarly etdik. Men öz wezipämi ýerine ýetirenime häzirem begenýärin" diýip, Ismaýylowa aýtdy.

Hatyja Ismaýylowanyň Azatlyk Radiosynyň Azerbaýjan gullugy tarapyndan efire berlen bir habary azerbaýjan hökümetiniň düşewüntli bir altyn käniniň hukugyny prezident Ylham Aliýewiň maşgalasyna berenligi baradady. 2014-nji ýylda berlen bir habarda hem Aliýewiň iki gyzy ýurtdaky iň uly mobil telefon kompaniýasy ”Azersell” bilen ilteşikli görünýärdi.

Žurnalistik işi üçin ençeme halkara baýragy bilen sylaglanan Ismaýylowa suduň "çalt" proses alyp barandygyny, onuň netijesineiň hem oňünden kesgitlenendigini aýtdy.

“Gysyş astynda”

Ismaýylowanyň aýtmagyna görä, garalawçylar tarapyndan onuň garşysyna ulanylan subutnamalar şaýatlardan "ýa gysyş astynda alnan ýa-da olaryň doly okaman gol çeken görkezmelerine" daýanýar.

Ol suda ýüzlenip şeýle diýdi: "Şaýatlaryň birine para teklip edilipdir. Utanyň! Bu nähili döwlet?"

Ismaýylowa jemleýji beýanatyny özüne bildirilýän aýplamalary puja çykarmak üçin ulanyp, özüniň derňewe esaslanyp ýazýan habarlarynda şu zatlaryň üstüni açyp ýörkä, döwletiň ony salgyt tölemekde aldawa ýüz urmak, kezzaplyk we güýç-gudratdan galp peýdalanmak ýaly jenaýatlarda günäli tapmaga synanyşmagyny gülkünç diýip häsiýetlendirdi.

“Türme hyzmatlarynda bolýan galplyklaryň”

Ol 15 ýa 25 ýyl türme tussaglygy meni çökerip bilmez diýdi.

"Türme hyzmatlarynda bolýan galplyklaryň üstüni açmaga mümkinçilik bolar. Men bir problemany gowy mümkinçlige öwrüp bilýän adam" diýip Ismaýylowa aýtdy.

39 ýaşly Ismaýylowa, hukuk toparlarynyň aýtmagyna görä, Aliýewiň hökümetiniň başgaça pikirlenýänleriň sesini basyp ýatyrmak üçin edýän synanyşyklaryna garşylyk görkezen onlarça aktiwistiň, žurnalistleriň we hökümeti tankytlaýanlaryň iň tanymaly.

Ol dekabr aýynda tutulaly bäri Birleşen Ştatlar we beýleki günbatar döwletleri tarapyndan boşadylmagy üçin bolan çagyryşlara garamazdan, türmede saklanýar.

Amnesti International ony "wyždan ýesiri" diýip atlandyrdy. Žurnalistleri Goramak Komiteti hem oňa bildirilýän aýplamalary žurnalistik işleri üçin ondan öç almak diýip häsiýetlendirdi.

Ismaýylowanyň 7-nji awgustda başlanan sud prosesine gatnaşmaga daşary ýurt ilçihanalarynyň sanlyja wekiline ýol berildi. Tutuş prosesiň dowamynda garaşsyz žurnalistler we aktiwistler suduň zalyna goýberilmediler.