Britan awiasiýa ekspertiniň pikirine görä, Orsýetiň Malaýziýa Howaýollarynyň MH17 reýsini ukrain «SU-25» söweş uçarynyň urup ýykan bolmagy ahmal diýen tassyklamasy düýpden «hakykata meňzemeýär».
"Raketa we bomba ýüklenen «SU-25» söweş uçarynyň maksimal belentligi 5 kilometr bolýar. Biz bolsa MN17-niň 10 km belentlikde uçandygyny bilýäris» diýip, Lafboro uniwersitetinden awiasiýa howpsuzlygy boýunça ekspert Deýwid Gliw aýtdy.
Orsýetiň baş ştabynyň agzalary Malaýziýa Howaýollarynyň MH17 reýsini orsýetçi separatistleriň «Buk» raketa sistemasyndan urup ýykandygy baradaky delilleriň artýan mahalynda, 21-nji iýulda geçiren metbugat ýygnaklarynda uçaryň ýykylan ýeriniň üç-bäş kilometrliginde «SU-25» howa raketalarynyň tapylandygyny aýtdylar.
Ozalky awiahadysalar derňewçisi Deýwid Gliw bu bolup biljek zat, ýöne aňrybaş derejede ynandyryžylyksyz diýýär we, beýle ýagdaýda, diýilýän söweş uçarynyň manýowr etmekçi bolup, birden gaty aşaklap, soňundanam Malaýziýanyň uçarynyň üç kilometrden hem kän aşagyndan raketa atmak üçin ýokarlygyna uçmaly boljagyny aýdýar.
Moskwa “SU-25» uçarynyň hem MH17 reýsli uçaryň uçup barýan belentliginden uçandygyny aýdýar.
Ýöne Orsýetiň aýdýan zady bilen baglylykda geň zat, Ukrainanyň arsenalynda «SU-27» söweş uçarlary bolup, olar MH17 bilen deň belentlikde uçmaga ukyply.
"[Orsýetlilere aýtmaly zat] [ukrainalylaryň] ýörite aşakdan uçmaga niýetlenen we şol ýerde çakganlyk görkezip biljek Frogfuty (gurbaga aýagy) ulanmagy gaty geň» diýip, Glif «SU-25» uçarynyň NATO-da tutulýan adyny ulanyp aýtdy.
Birleşen Ştatlaryň hökümeti 22-nji iýulda emeli hemradan düşürilen we, hamala, orsýetçi separatistleriň ýerden MH17 uçaryny ýykmak üçin atan «Buk» raketasynyň traýektoriýasyny görkezýän suratlary çap etdi.
Gliwiň pikirine görä, uçaryň ýykylan ýerinden düşürilen suratlarda uçaryň daşyna ýeten zyýanlary görkezýän şekillerden çen tutulsa, ol raketa bilen urlana çalym edýär.