Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Uçar heläkçiligi Orsýetiň neşirlerinde


Moskwanyň metrosynyň golaýyndaky gazet satylýan merkez.
Moskwanyň metrosynyň golaýyndaky gazet satylýan merkez.

“Malaýziýa howaýollaryna” degişli MH17 gatnaw ugurly ýolagçy uçarynyň orsýetparaz gozgalaňçylar tarapyndan urlup ýykylandygy baradaky delilleriň köpelýändigine garamazdan, Orsýetiň gazet-žurnallary düýbünden başga gürrüňleri dowam etdirýärler.

Rus gazetleriniň käbirleri uçaryň ukrain armiýasy tarapyndan urlup ýykylandygyny öňe sürýärler. Olaryň aýtmagyna görä, ukrain harbylary, hamana, söweş uçaryny atjak bolup, ýolagçy uçaryny urup ýykypdyrlar. Käbir gazetler bolsa uçaryň içinde terroristik hüjüminiň amala aşyrylandygyny we munuň netijesinde uçaryň heläkçilige uçrandygyny tekrarlaýarlar.

“Komsomolskaýa Prawda”: MH17 uçaryny separatistler urup ýykan däldirler

“Komsomolskaýa Prawda” atly gündelik neşir “Buk-dan” atan kim?” diýen sözbaşy bilen harby synçy Wiktor Baranetsiň ýazgysyny çap edipdir. Onda MH17 gatnaw ugurly uçary orsýetparaz separatistler urup ýykan däldir diýilýär. Bolup biläýjek ýagdaý diýip, Baranets bir pikiri öňe sürýär, ýagny ol ukrain harbylary “Malaýziýa howaýollaryna” degişli ýolagçy uçaryny Orsýete degişli söweş uçarydyr öýdüp, atyp urup ýykypdyrlar diýen pikiri öňe sürýär.

Gazetde çap edilen teswirlemede 10 müň metr belentlikden uçýan uçary diňe “Buk” raketalary urup bilýär diýilýär. Baranets öz gürrüňinde Ukrainanyň ýarag bazasynda 75 sany “Buk” sistemasynyň bardygyny aýdýar. Şeýle-de Donetskden 40 km uzaklykda howa hüjümlerinden goranyş ulgamlarynyň gurnalandygyny belleýär.

Baranets öz kommentarisinde şeýle ýazýar: “Eger-de biz ukrainlaryň “ruslar bizi howadan we ýerden basyp aljak bolýar” diýen yzygiderli propagandasyndan çen tutsak, onda ukrain howa hüjümlerinden goranyş ulgamlary Malaýziýanyň uçaryny ýalňyşlyk bilen urup ýykan bolmaly. Bu ýerdäki ýalňyşlyk: olaryň radar sistemasy uçary ruslara degişli ýaly edip görkezen bolmaly”.

Baranets iýun aýynda gozgalaňçylaryň Ukrainanyň “Buk” raketa ýarag sistemasyny ele salandyklaryny, ýöne ol sistemanyň düzüw bolmandygyny aýdýar. Şeýle-de Baranets gozgalaňçylaryň hatarynda beýle ulgama erk edip biljek hünärmenleriň ýokdugyny hem belleýär.

“Nezawisimaýa Gazeta”: Orslaryň harby uçary diýip pikir edipdirler

“Nezawisimaýa gazeta” atly gündelik neşirinde “Urlup ýykylan Boing barada diňe faktlar” ady bilen bir makala çap edilipdir. Agzalýan makalada “MH17 gatnaw ugurly uçaryň urlup ýykylmagy Sowuk urşuň başlanmagydyr” diýilýär.

Makalada MH17 gatnaw belgili uçaryň ýa “Buk” sistemasy tarapyndan ýa-da “Suhoý” diýlip atlandyrylýan söweş uçarlary tarapyndan atylyp urlan bolmagy ahmal diýen pikir öňe sürülýär. Aýdyşlaryna görä, gürrüňi edilýän söweş uçary urlup ýykylan ýolagçy uçarynyň gapdalyndan belli bir wagtyň dowamynda uçupdyr. Şeýle-de makalada bu hadysa getiren “terroristik hüjümdir” diýmäge entek doly esas ýok diýilýär.

Çap edilen makala uçara edilen hüjümiň Orsýetiň territoriýasyndan edilmändigini tekrarlaýar.

“Nezawisimaýa gazeta” Ukrainanyň özündäki “Buk” raketa atyjy ýarag sistemasyny Orsýetden özlerine garşy edilmegi ahmal bolan hüjümi yza serpikdirmek maksady bilen gündogar Ukrainada ornaşdyrandygyny, şeýle-de gazetde çap edilen makalada Kiýewdäki çeşmeleriň ukrain araçägine rus uçarlarynyň wagtal-wagtal aralaşýandygyny yzygiderli ýazandygy hem nygtalýar.

Onda şeýle diýilýär: “Şonuň üçinem biz, ‘ukrainler Malaýziýa degişli uçary rus uçarlarydyr öýdüp urup ýykandyr’ diýen pikiri iňkär edip bilmeris”

Makalada separatist gozgalaňçylar uçary urup ýykandyr diýen çaklama “gapma-garşy faktlara” esaslanýan pikirler hökmünde baha berilýär.

Mysal üçin, haçan-da separatistler Ukrainanyň harby bazalaryndaky “Buk” sistemalaryny ele salandyklaryny aýdanlarynda, Ukrainanyň baş prokurory Witaliý Ýarema “beýle zat ýok” diýip çykyş edenmişin.

“Nezawisimaýa gazetada” çap edilen makalada ukrain resmileriniň ‘gozgalaňçylar “Buk” raketa ýarag ulgamyny Ukraina Orsýetden getirdiler’ diýen pikirleri barada hem şübheli pikirler hökmünde gürrüň edilýär. Makalada “separatistler ösen tehnologiýa daýanýan beýle çylşyrymly ýaragy nädip ulansynlar?” diýen sorag bilen birlikde käbir beýleki şübheler hem orta atylýar.

“Moskowskiý Komsomolets”: Ukrainaň ýeri, Ukraina jogap bersin!

“Moskowskiý Komsomolets” gazeti, “MH17-ni gozgalaňçylar urup ýykan bolanynda-da, Ukraina jogapkärçilige çekilmeli, sebäbi näme üçin Ukraina harby çaknyşyklaryň bolup geçýän territoriýasyndan ýolagçy uçarlaryň geçmegine rugsat beripdir?” diýen pikiri öňe sürýär.

Gazetde çap edilen makalada awiýasiýa boýunça bir hünärmeniň beren gürrüňi agzalyp geçilýär, onda şeýle diýýär: “Eger-de haýsy-da bolsa bir döwlet öz howa giňişliginde howpsuzlygy üpjün edip bilmeýän bolsa, onda ol öz howa giňişliginden ýolagçy uçarlaryň geçmegine rugsat bermeli däl”.

“Argumenty i fakty”: Fidel Kastro heläkçiligi ukrainlardan görýär

Halk arasynda meşhurlyga eýe bolan “Argumenty i fakty” gazeti Kubanyň pensiýa çykan lideriniň uçar heläkçiligi barada aýdan sözlerini çap edipdir. Fidel Kastro: “MH17 gatnaw ugurly uçaryň heläkçilige uçramagyna ukrain häkimiýetleri jogapkär” diýip aýdanmyş.

“Argumenty i fakty” gazetiniň internet saýtynda çap edilen beýleki bir makalada, eger-de heläkçilige uçran uçar diňe “Buk” raketa sistemasy bilen urlup ýykylan bolsa, munuň rus territoriýasynda amala aşyrylmagy mümkin däl, sebäbi wakanyň bolan ýeri rus territoriýasyndan gaty uzak diýilýär. Beýleki habar çeşmeleriň hiç haýsysy şeýle pikiri orta atmandyr.

Makalada awiýasiýa boýunça hünärmen diýlip tanadylýan Wladimir Kamozowyň rus mediasynda gaýtalap sakgyç edinilen gipotezasy hem agzalýar. Wladimir Kamozow: “gozgalaňçylar çylşyrymly ”Buk” sistemalaryna erk edip bilýän bolmaly däl” diýlen pikiri öňe sürýär.

Şeýle-de Kamozow: “Uçar heläkçiligi barada alnyp barylýan derňew tamamlanýança, ‘uçaryň içinde terrorçylykly hüjüm amala aşyrylandyr’ diýlen pikiri-de iňkär edip bilmeris” diýýär.

XS
SM
MD
LG