Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina: 'Derňewi halkara ekspertleri geçirer'


ÝHHG-nyň gözegçileri Malaýziýanyň "Boeing 777" ýolagçy uçarynyň ýykylan ýerinde, Donetsk regiony, 18-nji iýul, 2014.
ÝHHG-nyň gözegçileri Malaýziýanyň "Boeing 777" ýolagçy uçarynyň ýykylan ýerinde, Donetsk regiony, 18-nji iýul, 2014.

Ukraina Malaýziýanyň ýykylan uçarynyň derňewiniň kontrollugyny halkara ekspertlere tabşyrjagyny aýdýar we bu prosese Niderlandlanlaryň ýolbaşçylyk etmelidigini öňe sürýär.

Ukrainanyň premýer-ministri Arseniý Ýatsenýuk 21-nji iýulda Kiýewde ukrain resmileri «Günbatar partnýorlaryna» 17-nji iýulda ýykylan uçaryň derňewini utgaşdyrmak mümkinçiligini döreder diýdi.

Ol Ukraina «ähli jesedi Amsterdama» sud barlagyndan geçirmek üçin bermäge taýýar diýdi we Gollandiýanyň uçar ýykylmasyndan iň kän ejir çeken ýurt bolandygyny, sebäbi ol uçaryň üstünde 192 sany golland raýatynyň bolandygyny sözüne goşdy.

Ýatsenýuk uçaryň ýykylan ýerinden heläk bolan 298 ýolagçynyň 272-siniň jesediniň tapylandygyny aýtdy.

"Kä jesetler ýanyp, kül bolupdyr"

ÝHHG-nyň sözçüsi Maýkl Bosiurkiw (Michaýel Bociurkiw) özleriniň Ukrainadaky derňewçiler toparynyň habarlaryndan jesetleriň käbiriniň ýanyp kül bolandygy baradaky netije gelip çykýar diýdi.

Gollanda derňewçileri gündogar Ukraina 21-nji iýulda geldi we Torez şäheriniň golaýynda jesetleriň ýerleşdirilen sowadyjyly wagonlaryny barlaýarlar.

Şeýle-de olaryň uçaryň ýykylan ýerine baryp görmeklerine garaşylýar.

Gollandiýanyň premýer-ministri Mark Rutte golland topary pidalaryň şahsyýetini anyklamaga kömek eder diýdi we wepat bolanlaryň jesetlerini watanlaryna ugratmagyň özi üçin ilkinji orundaky meseledigini aýtdy.

Ukrain hökümeti Harkow şäherinde, hökümet kontrollugynda, wepat bolan ýolagçylaryň jesetlerini we derňew üçin getiriljek uçar galyndylaryny saklamak üçin ýörite desgalary taýýarlady.

Halkara ekspertleriniň käbir delegasiýalary eýýäm Harkowa geldi, bu ýerde pidalaryň garyndaşlary üçin hem myhmanhana otaglary we beýleki desgalar taýýar edilip goýuldy.

"Putin munuň ýeterlikdigine düşünmeli"

Ýatsenýuk Ukrainanyň bu uçar megerem «Buk-M1» raketa sistemasyndan atylan raketa bilen urlup ýykylandyr diýip ynanýandygyny aýtdy.

Ýatsenýuk özüniň Orsýetden hiç bir zada garaşmaýandygyny, Putiniň «munuň eýýäm ýeterlikdigine» düşünmelidigini aýtdy.

Ol Moskwa separatistleri ýaraglandyrdy we ukrain esgerlerine garşy uruşmak üçin türgenleşdirdi diýdi.

"The Washington Post" gazeti Ukrainanyň kontrrazwedka başlygy Witaliý Naýdada (Vitaliy Nayda) «Buk-M1» raketa sistemalarynyň üç sanysynyň 18-nji iýulda irden, uçar ýykylmasyndan 12 sagatdanam az wagt soň gündogar Ukrainada pitneçileriň kontrolluk edýän territoriýasyndan Orsýete tarap alnyp barylýandygyny görkezýän suratlar we degişli subutnama bar diýdi.

Emma Orsýetiň döwlet mediasy we käbir resmiler bu hüjümi, separatistleri günälemek we günbatarly ýaranlary Ukraina harby kömek bermeklige ynandyrmak üçin, Ukrainanyň gurnandygyny öňe sürýär.

Şu arada Awstraliýanyň premýer-ministri Toni Ebbot (Tony Abbott) uçaryň ýykylan ýeri sud-medisina barlaglary geçirilmezinden öň «arassalanan» ýaly görünýär diýdi.

Ebbot 21-nji iýulda Awstraliýanyň mediasyna özüniň telefonda Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin bilen gürleşendigini aýtdy.

Ebbotyň pikiriçe, Putin «ähli dogry zatlary aýtdy we indi onuň aýdan sözleri ýaly gowy bolmagy gerek».

Malaýziýa Howaýollarynyň ýykylan uçarynyň üstünde 35 çemesi awstraliýaly bardy.

Ýok edilýän subutnamalar

Nýu-Ýorkda, BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň diplomatlary 20-nji iýulda Twitterde Geňeşiň 21-nji iýulda uçaryň ýykylan ýerine barmak üçin ähli mümkinçiligiň döredilmegi we garaşsyz derňew geçirilmegi baradaky rezolýusiýanyň taslamasyny sese goýjakdygyny aýtdylar. Bu rezolýusiýa taslamasy Awstraliýa, Fransiýa we Litwa tarapyndan hödürlenýär.

Aýdylmagyna görä, prezident Putin 21-nji iýulda irden Britaniýanyň premýer-ministri Deýwid Kameron bilen telefonda gürleşdi.

Bu söhbetdeşlik Kameron, german kansleri Angela Merkel, fransuz prezidenti Fransua Olland dagy rus liderini separatistlere bolan täsirini ulanyp, pidalaryň jesetleriniň ýurtlaryna gaýtarylmagyna we subutnamalary ýygnamak üçin doly şert döredilmegine ýardam bermäge çagyranlaryndan bir gün soň boldy.

Gozgalaňçylaryň lideri Aleksandr Borodai 20-nji iýulda pitneçileriň delilleri ýoýýandygyny ret etdi.

Şeýle-de Borodai özüniň uçaryň uçuş maglumatlaryny, ses ýazgylaryny ýa-da gara gapyrjagy diýilýäni hem tabşyrjagyny aýtdy.

Emma muňa garamazdan, AP habar gullugy pitneçileriň hamala azyndan bir gezek derňewe gatyşmagynyň mysalyna salgylanýar.

Habar gullugy uçaryň ýykylan ýerine golaý Torez şäherindäki morguň bir işgäriniň aýdan sözlerine salgylanyp, onuň betbagtçylykda ýogalan kiçijik çaganyň galyndylaryny separatist söweşijilere bermäge mejbur edilendigini ýazýar.

Şeýle-de ol işçi pitneçileriň özünden «Raketanyň bölekleri nirede? Uçaryň galyndylary nirede?» diýip, sorag edendiklerini hem sözüne goşdy.

XS
SM
MD
LG