22-nji ýanwarda şahsyýeti näbelli adamlar tarapyndan alnyp gaçylan Dmitro Bulatow özüniň sekiz günläp gözüniň daňlyp saklanandygyny, urlup-ýenjilendigini, käbir dyrnaklarynyň goparylyp, gulagynyň hem bir ujunyň dilnendigini, şeýle wagşy gynamadan soňra bolsa özüniň tokaýa eltilip taşlanandygyny gürrüň berdi.
Gynamalaryň dowamynda ol özüne sütem edýän adamlardan birini-de görüp bilmändir. Ýöne Bulatow olaryň seslerini eşidipdir. “Maýdan” protestleriniň baş gahrymanlaryndan biri bolan Bulatow 31-nji ýanwar güni, ýagny onuň halas bolan güni, özüni gynan adamlaryň öz aralarynda ukrainçe bolsa-da, “ors aksenti” bilen, ors äheňinde gepleşendiklerini gürrüň berdi.
Ynha, bu gürrüň bolsa halk arasynda “Eýse, Orsýetiň howpsuzlyk güýçleri Wiktor Ýanukowiç bilen hyzmatdaşlyk edýän bolmasyn?” diýen myş-myşlaryň ýaýramagyna getirdi. Ukrainadaky protestler iki aýyň dowamynda, wagtal-wagtal çakdanaşa dartgynly boldy.
Protestçiler Ukrainanyň polisiýa gullugyna degişli bolan “Berkut” atly toparyndaky polisiýa işgärleriniň käbirleriniň öz ýanlary bilen getiren rubllaryny ukrain puluna, ýagny griwenine çalşandyklaryna şaýat bolandyklaryny aýdýarlar. Şeýle-de güýç ulanyjy gulluklaryň işgärleri öz aralarynda arassa ors dilinde gepleşýän ekenler.
Soňky wagtda Ukrainada şahsyýeti näbelli adamlar tarapyndan alnyp gaçylýan, urulýan, ýenjilýän, hatda öldürilýän protestçileriň we žurnalistleriň sany artyp barýar. Oppozisiýanyň lideri Arseniý Ýatsenýuk agzalýan hüjümçileri Latyn Amerikadaky “gyrgyn toparlaryna” deňedi.
Soňky wagtda Ukrainada şahsyýeti näbelli adamlar tarapyndan alnyp gaçylýan, urulýan, ýenjilýän, hatda öldürilýän protestçileriň we žurnalistleriň sany artyp barýar. Oppozisiýanyň lideri Arseniý Ýatsenýuk agzalýan hüjümçileri Latyn Amerikadaky “gyrgyn toparlaryna” deňedi.
“Gyrgyn toparlary”
Protestçiler “gyrgyn toparlaryny” Orsýete baglajak bolýarlar. Moskwanyň Ukrainany öz gujagyndan çykarasy gelmeýändigi hemmä mälim bolsa gerek.
Ýöne orsýetli žurnalist we howpsuzlyk boýunça ekspert Andreý Soldatow Orsýeti günäkärlemek üçin entek irdigini, aýratynam Ukraina ýaly halkynyň aglaba bölegi suwara ors dilinde gepläp bilýän döwletde gynamalary, ýenjilmeleri we alnyp gaçylmak hadysalaryny Orsýet bilen ilteşdirmek gaty kyn diýip gürrüň berdi: “Ukrainada ors dilinde suwara gepläp bilýän adam köp. Men ýagdaýa düşünýärin we orsýetli toparlaryň Ukrainada bolmak ähtimallygy barada edilýän gürrüňlere-de oňat düşünýärin. Ýöne entek bu barada anyk gürrüň etmek üçin ýeterlik esas ýok diýip pikir edýärin”.
Soldatow şeýle diýse-de, belki-de Ukrainada hakykatdanam orsýetliler protest çärelerine garşy iş alyp barýandyrlar? Sebäbi, halk arasyndaky gürrüňlerden çen tutsaň, Ukrainada orsýetlileriň bardygyny inkär etmek gaty kyn.
31-nji ýanwarda tatarystanly iki sany žurnalist suwara rus dilinde gepleýän adamlar tarapyndan urlup-ýenjilipdirler. Olary “gyrgyn topary” diýilýän toparyň adamlary Kiýewiň eteginde tutupdyrlar we gara reňkli ulaga zor bilen dykyp, soňam ýenjipdirler. Žurnalistler wagtlaýynça şäheriň eteginde ýaşaýan ekenler.
Habarçylardan Nikita Perfiliýew urlanda özüniň birnäçe dişiniň döwlendigini we operator Anton Zaharow bolsa ýüzüniň sag tarapynyň sypjyrylandygyny aýdýar.
Mundan ozalky wakalar
Şeýle hadysalar, aktiwist Ihor Lutsenko bilen Ýuriý Werbitskiniň 22-nji ýanwarda başlaryna gelen pajygaly wakalary ýada salýar. Olary hem tutup, urup-ýenjipdirler. Werbitskiý huşsuz ýagdaýda tokaýlyga taşlanypdyr. Halas bolmagy başaran Lutsenko bolsa özlerine hüjüm eden adamlaryň ukrain dilini çalgyrt gepleýändiklerini, şeýle-de Ukrainada bolup geçýän wakalardan olaryň bihabardygyna göz ýetirendigini gürrüň berdi.
Mundan ozalky wakalar
Şeýle hadysalar, aktiwist Ihor Lutsenko bilen Ýuriý Werbitskiniň 22-nji ýanwarda başlaryna gelen pajygaly wakalary ýada salýar. Olary hem tutup, urup-ýenjipdirler. Werbitskiý huşsuz ýagdaýda tokaýlyga taşlanypdyr. Halas bolmagy başaran Lutsenko bolsa özlerine hüjüm eden adamlaryň ukrain dilini çalgyrt gepleýändiklerini, şeýle-de Ukrainada bolup geçýän wakalardan olaryň bihabardygyna göz ýetirendigini gürrüň berdi.
Käbir bilermenleriň pikirine görä, Ukrainada Orsýetiň gizlin gulluklary gizlin iş görýär. Ukrainanyň Moskwanyň howpsuzluk gulluklaryndan ýüz öwrüp bilmändigi hem gürrüň edilýär.
Ýuriý Raýhel bu barada: “Ukrainada häkimiýetler ýörite, bilgeşleýin öz howpsuzlyk gulluklaryny güýçlendirmeýärler. Bu ýagdaýyň kontrrazwedka meselesi bilen ilteşigi bar” diýýär.
Raýhel Ukrainanada çap edilýän “Day (Gün)” atly gazetiň habarçysydyr. Bu habarçy häzirki ýagdaýyň Ukrainany “daşary ýurtlaryň gizlin gulluklary üçin jennet mekanyna öwrendigini” hem öz sözleriniň üstüne goşýar.
"Orsýet ozalam ile bellentgi bolan"
"Orsýet ozalam ile bellentgi bolan"
Ukrainaly syýasy strateg Taraz Berezowets Ýewromaýdan protestleri başlaly bäri Ukrainada Orsýetiň gizlin gulluklarynyň işläp başlandygyny aýdýar: “Kiýewde Orsýetiň gizlin gullugyna degişli köp adamlar bar. Orsýetiň Goranmak ministrliginiň ofiserleri diýermiň, Federal howpsuzlyk gullugynyň işgärleri diýermiň, garaz, Ukrainada Orsýetiň gizlin gulluklarynyň wekilleri ýeterlik. Olaryň esasy funksiýasy - Ukrainanyň howpsuzlyk we harby gulluklary bilen bilelikde işleşip, içalyçylyk etmek. Olar ukrain häkimiýetlerine protestleri nädip basyp ýatyrmalydygy barada maslahat berýän däldirler öýdemok, sebäbi bu ugurda Orsýet ozalam ile bellentgi bolan”.
Käbirleri üçin, gürrüňi edilýän rus gyrgyn toparlary, aýdylmagyna görä, Orsýetiň Federal gullugy tarapyndan çeçen uruşlary mahalynda “terrorçylary”, köplenç hukuk goraýjylary we žurnalistleri ýok etmek üçin gurnalan otrýadlaryň elhenç ýaňydy.
Bulatowyň, Werbitskiniň we beýleki ejir çekenleriň alnyp gaçylyşy 2000-nji ýyllardaky talaňçylyklara we gynamalara çalym edýär. Şol döwürlerde žurnalist Gerorgiý Gongadze hem ýenjilip, Kiýewiň golaýyndaky tokaýlaryň birine taşlanypdy. Ol ýurtda örňän korruspiýa barada dürli habarlary neşir edip başlansoň, şeýle ýagdaýa duçar bolupdy.
Wakalary gizlemek...
Köpler ‘ýurduň şol wagtky prezidenti Leonid Kuçma onuň ölümine sebäp boldy’ diýýär. Bu wakadan on dört ýyl geçensoň oppozisiýa lideri Oleksandr Turçynow Ýanukowiçi we onuň hökümetini häzirki bolýan jenaýatlary gizlemekde aýyplaýar.
Beýleki bir tarapdan, Berezowets başga bir meselä-de ünsi çekýär. Ýagny, ol ukrain gizlin gulluklary Ýewromaýdandaky protestçileriň orslara garşy besleýän ýigrenç duýgusyndan peýdalanyp, özlerini, hamana, Orsýetiň gizlin gulluklarynyň nökerleri ýaly alyp barýan bolmaklary hem ahmal diýýär. Ýewromaýdançylaram munuň şeýledigine ynanýardyr diýýär: “Meniň pikirimçe, adam ogurlap, olary gynaýan toparlaryň Orsýetiň gulluklaryndan däl bolmagam mümkin. Olar ukrain howpsuzlyk gullugynyň wekilleri, has takygy, meniň pikirimçe, ”Berkut” toparynyň işgärleri bolmaly. Olar suwara orsça geplän bolup, adamlary köçeden gaçmaga mejbur etjek bolýandyrlar”.
Berezowetsiň berýän gürrüňine garamazdan, köpsanly ukrainalylar hüjümler dowam etdigi saýyn Orsýeti günäkärlemägi dowam ederler.
Protestçiler şu hepde Soçide geçiriljek Gyşky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmak üçin Orsýete gitjek ukrainaly sportçulary bu ýurda garşy garşylyk bildirmäge çagyrdylar. Protestçileriň taýýarlan plakatynda şeýle ýazgy bar: “Siz Ukrainadaky asuda protestçileri öldürmegi tabşyrýan we olary gyrmak üçin pul töleýän ýurda barýarsyňyz”.