Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina: Oppozisiýa basyşyny güýçlendirdi


Ukrainanyň oppozisiýasy ýurtda iki aýdan köprak wagt bäri hökümete garşy geçirilýän protest aksiýalaryny tamamlamak üçin prezident Wiktor Ýanukowiçden eglişigi talap etmek boýunça basyşlaryny güýçlendirdi.

Prezidentiň metbugat-wekiliniň aýtmagyna görä, Ýanukowiç duşenbe güni işe çykdy. Geçen hepdede Ýanukowiç dümewländigini aýdyp, keselçilik sebäpli birnäçe günläp işden galypdy. Ýanukowiç hökümetiň wezipesinden çekilmegini kabul etdi. Parlament bolsa protestlere garşy kanuny ýatyrdy, şeýle-de hökümete garşy protestleriň dowamynda tussag edilenler babatynda amnistiýa boýunça şertli kanuny kabul etdi.

Emma oppozisiýa Ýanukowiçiň wezipesinden çekilmegini isleýär we wagtyndan öň saýlaw geçirmegi talap edýär. Şeýle-de oppozisiýa amnistiýanyň şertsiz geçirilmegini we Ukrainada 2004-nji ýylda kabul edilen we prezidentiň ygtyýarlygyny çäklendirýän konstitusiýanyň dikeldilmegini isleýär.

Oppozisiýa protestçileri duşenbe güni Kiýewiň Garaşsyzlyk meýdançasynda protestleri dowam etdirmäge we öz talaplaryny ýene-de yglan etmäge çagyrdy. Şol bir wagtyň özünde-de Orsýetiň daşary işler ministrligi Ukrainanyň oppozisiýasyny “haýbatlardan we ultimatumlardan” saklanmaga ündedi.
XS
SM
MD
LG