Planetalaryň magnit “galkany”

Käbir alymlar organizmleri howply radiasiýalardan goramak üçin planetalardaky ýaşaýşyň güýçli magnit meýdanyny talap etmegi mümkin diýip hem pikir edýärler.

Ýeriň daşyndaky atmosferanyň üstki gatlagynyň her bir kwadrat metrine sekuntda müňe golaý elektrik ýükli bölejik gelip urýar. Bu ýokary energiýaly bölejikleriň howanyň molekulalary bilen çaknyşmagy netijisende ýüz milliard çemesi täze bölejikler döräp, ençeme kwadrat kilometrlik meýdany ýagyş ýaly gurşap alýar.

Bu kosmiki şöhläniň bir bölegi öz Günümizden, partlaýan ýyldyzlardan, gara oýlardan we Akmaýanyň Ýolundaky pulsarlardan (çalt aýlanýan neýtron ýyldyzlar) gelse, has ýokary energiýaly bölejikler biziň galaktikamyzdan daşardan gelýär. Ýöne bularyň hemmesi Ýeriň ýüzüne gelip ýetenok. Ýere gelip ýetýäni olaryň diňe bir ujypsyzja bölegi. Sebäbi Ýeriň magnit meýdany, has dogrusy, magnit “galkany” bizi bu ölüm howply elektrik ýükli bölejiklerden goraýar.

Ýeriň, şeýle hem Gün ulgamynda magnit meýdanynyň bardygy bilinýän beýleki ýeke-täk planeta bolan Merkuriniň magnit meýdany öz ýadrolaryndaky demriň gaýnamagyndan, dyngysyz yrgyldydan gelip çykýar.

Käbir alymlar organizmleri howply radiasiýalardan, mysal üçin kosmiki şöhlelerden goramak üçin planetalardaky ýaşaýşyň güýçli magnit meýdanyny talap etmegi mümkin diýip hem pikir edýärler.

Gün ulgamyndan daşardaky, aýratyn-da ýaşamaga ýaramly planetalary tapmak ugrunda edilýän tagallalara daýanyp, astronomlaryň beýleki ýyldyzlaryň töwereginde anyklan planetalarynyň sany häzir 800-den gowrak.

Olaryň arasynda köpsanly “super Ýer” diýlip at berlen planetalar-da bar. Olar biziň watanymyz Ýer ýaly daşlyk, ýöne massalary Ýeriňkiden ençeme esse uly (2 esseden 14 esse aralygynda). Alymlaryň eden açyşlaryna görä, super Ýerleriň käbirlerinde suw okeanlarynyň bar bolmagy, käbirleriniň hem boýdan-başa göwherden durýan bolmagy ähtimal.

Eger bu şeýle bolsa, onda ýagdaý bu planetalarda nähilikä? Bularyň-da Ýeriňki we Merkuriniňki ýaly jümmüşinde magnit “dinamosy” barmyka?

Waşingtonyň ylym baradaky Karnegi guramasynyň geofizigi R.Steward MkWillýamsyň ýolbaşçylygynda geçirilen barlaglaryň netijesinden çen tutsaň, bir planetanyň magnit meýdanynyň bolmagy onuň hökman dinamoly bolmagyna bagly däl. Planetanyň ýeterlik mangniý oksidi bar bolsa, bu funksiýany şol ýerine ýetirip bilýär. Muňa, elbetde, ýokary temperatura we basyş-da gerek. Bular hem super Ýerleriň içinde bardyr diýen pikirden ugur alynýar.

Tejribeleriň netijesi

2012-nji ýylyň 22-nji noýabrynda “Science” ylmy žurnalyň internet saýtynda bildirmeklerine görä, alymlar laboratoriýada geçiren tejribelerinde planetalarda bir adaty mineral hasaplanylýan magniý oksidiniň (MgO) ýokary basyş we ýokary temperaturalarda elektrik geçiriji ukyby bolan suwuklyga öwrülýändigine gözegçilik edipdirler.

Ýeriň, şeýle hem beýleki terrestrial planetalaryň mantiýasy magniý bilen kisloroda örän baý. Mineral magniý oksidi özüniň ýönekeýligi sebäpli planetalaryň içki ýagdaýlaryny öwrenmekde amatly model hasaplanýar.

Alymlar ýokary basyşda hem ýokary temperaturalarda onuň häsiýetiniň nähili üýtgeýşini bilmek üçin güýçli lazer tehnikasyndan peýdalanyp, magniý oksidini bir sekundyň milliarddan bir bölegine deň wagtyň içinde adaty atmosfera basyşynyň 14 million essesine barabar basyş we 50 müň gradusa çenli bolan temperaturada synap görüpdirler.

450 gigapaskal basyşda gaty jisim bolan magniý oksidiniň diňe kristal strukturasy üýtgäpdir. 650 gigapaskalda bolsa ol eräp, metal hasiýetine giripdir. Bu kwarts ýaly elektrik geçirmeýän bir mineralyň, erända demir ýaly elektrik geçirýän metala öwrülýändigini görkezýär.

“Biziň eden açyşymyz planetanyň mantiýasy bilen özeni baradaky öňden gelýän kesgitlemeleri aýyl-saýyllykdan daşlaşdyrýar. Ol bize ýaş we gyzgyn planetalaryň öz magnit meýdanyny döredip, ony saklap biljekdiklerini aýan edýär” diýip, MkWillýams aýdýar.

MkWillýams muny ýöne ýere aýdanok, sebäbi beýle bolan halatynda suwuk oksidler mantiýanyň ergin düzüm bölegi ýa-da özeniň elektrik geçiriji düzüm bölegi bolup bilýär.

Alymlar şu we käbir beýleki gözegçiliklerden ugur alyp, magniý oksidi Ýerdäki häzirki şertlerde gaty we elektrik geçirmeýän halda duş gelýän hem bolsa, täze peýda bolan gadymy Ýeriň magma okeanlarynyň magnit meýdanyny döreden bolmagy ähtimal diýip, netije çykarýarlar. Magniý oksidiniň metal, suwuk fazasynyň häzir hem “super Ýer” planetalarynyň mantiýasynyň aşaky gatlaklarynda bar bolmagy mümkin.

Magniý oksidiniň suwuk metala öwrülýändiginiň üstüniň açylmagy teoretiki taýdan möhüm hasaplanmasa-da, ol planetalaryň magnit meýdanyny öwrenýän alymlar üçin juda möhüm. Sebäbi bu, şu wagta çenli çaklanyp gelnişi ýaly, magnit meýdanynyň diňe demir özende däl, eýsem planetalaryň mantiýasynda hem emele gelip, Älemde ýaşaýyş üçin garaşylmadyk şertleriň döremeginiň mümkindigini görkezýär.

Araz Perwiş Germaniýada ýaşaýan žurnalist, syýasy ylymlaryň doktory.

Çeşmeler:

1. http://www.sciencemag.org/content/early/2012/11/20/science.1229450
2. http://www.weltraum-aktuell.de/index.php/nachrichten2/152-fluessiges-magnesiumoxid-koennte-dynamo-von-super-erden-antreiben
3. http://www.pro-physik.de/details/news/3732181/Super-Erden_Fluessiges_Magnesiumoxid_koennte_Dynamo_antreiben.html
4. http://www.sterne-und-weltraum.de/alias/exoplaneten/besitzen-supererden-fluessige-metalloxide/1171733
5. http://www.weltderphysik.de/gebiet/planeten/news/2012/fluessiges-magnesiumoxid-koennte-dynamo-von-super-erden-antreiben/
6. http://phys.org/news/2012-11-magnesium-oxide-earth-super-earth.html