2011-nji ýylda ylym dünýäsinde gazanylan iň gyzykly üstünlik Şweýsariýa bilen Fransiýanyň araçäginde ýeriň aşagyndan gazylan 27 kilometrlik uzynlykdaky tunnelde edilen açyş bolsa gerek. Ýewropanyň ýadro barlaglary baradaky guramasy SERN-iň alymlary Älemiň iň uly syrlarynyň biriniň üstüni açmaga tarap özleriniň şu ýerde bir ädim ilerlän bolmaklarynyň mümkindigini aýdýarlar.
Üstümizdäki ýyl ylymda we tehnologiýada bolan saldamly öňegidişlikleriň arasynda iň ýokary orunda duran zat bu alymlaryň partikel fizikasynda täze metodlary ulanmak bilen geçiren tejribeleri boldy.
SERN-de iş alyp barýan alymlar toparynyň baş direktory Rolf-Dieter Heuer 13-nji dekabrda öz toparynyň Älemi döreden esasy kerpiçjik diýip hasap edilýän, ýöne şu wagta çenli tejribe arkaly subut bolmadyk bir sypjyk subatom bölejiginiň bardygyny görkezýän gyzykly alamatlaryň üstünden barandygyny bildirdi:
—Higgsiň bu ugurda – Şekspiriň bolmalymy ýa ýok?! – diýen soragyna anyk jogaby tapmagy üçin, biziň geljek ýyl ownuk fiziki bölejikleriň ýene ençeme tejribe çaknyşyklaryny geçirmeli bolarys. Ýöne, meniň pikirimçe, biz örän gowy öňegidişlik etdik.
"Hudawy bölejik"
Massanyň Älemdäki ähli jisimlere ýetmegine kömek eden zat şu Higgs boson diýlip, pikir edilýär. Oňa "hudawy bölejik" hem diýilýär. Alymlar onlarça ýyllap iş alyp barsalar-da, onuň bardygyny subut edip bilmän gelýärler.
Bu subatom bölejiginiň üsti açylsa, onda bu açyş fizikanyň taryhynda iň ýokary orunda durar. Älemiň nähili dörändigi barada bar bolan çylşyrymly soraglaryň käbirine hem şeýdip, jogap tapylmagy mümkin.
Şu ýyl SERN-den şular ýaly ýene bir gyzykly habar gowuşdy. Bu ýadro-barlag merkezi sentýabr aýynda neýtrinolaryň tizligini ölçemek barada geçiren tejribeleriniň netijelerini yglan etdi.
Italiýanyň Gran Sasso şäherinde milli laboratoriýanyň direktory Luçia Wotano bu barlaglara ýolbaşçylyk etdi:
—Biz neýtrinonyň ýagtylykdan çalt hereket edýändigini ýüze çykardyk. Onuň SERN-den Italiýanyň Gran Sasso şäherine ýetmegi 2,4 millisekunda çekdi. Biz bu subatom bölejiginiň tizliginiň garaşylanyndan 60 nanosekund çaltdygyny ýüze çykardyk. Olar ýagtylykdan 0,0001 prosent tiz hereket etdiler. Bu bir uly zat däl, ýöne fiziki täsiri welin, uly täsir.
Bu netije tassyklansa, onda Albert Eýnşteýniň ýagtylykdan tiz gidýän zat ýok diýýäni nädogry bolup çykýar.
Planetalary öwreniş
Planetalary öwrenmek barada hem üstümizdäki ýyl uly öňegidişlikler boldy. Dekabr aýynyň başlarynda NASA-nyň alymlaryň ilkinji gezek "ýaşamaga ýaramly zonada" ýerleşýän bir planetany tapandyklaryny bildirdiler. Bu ýerde jandarlaryň ýaşamagy üçin Ýer togalagynyňka çalymdaş şertleriň bar bolmagy mümkin.
Kaliforniýanyň Ames barlag merkeziniň direktory Pete Worden bu açyşy Ýeriň ekiztaýyny tapmak ugrundaky ýolda möhüm çelgi diýip atlandyrdy:
—Bu günki açyş kosmos gämisi Kepleriň wagtyň geçmegi bilen bir günden bir gün Ýeriň hakyky analoglaryny – eger bar bolsa – tapmagynyň mümkindigini görkezýär. Biz hem Ýere çalymdaş, hem-de ýaşamaga ýaramly zonada ýerleşýän planetany tapmaga barha ýakynlaşýarys.
Şu ýyl ýene bir täsin planeta tapyldy. Ol boýdan-başa göwherden ýasalana meňzeýär.
Ondan soň hem amerikaly astrofizikleriň şu ýyl tapan äpet gara oýlary bar. Olar Günden bir milliard esse uly.
Gepiň gysgasy, ýaňky göwherden ybarat planeta bu garaňky oýlaryň birine gaçyp, dargap gitmesin diýip, dileg edibermek galýar.