Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Zelenskiniň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň liderleriniň Kremlden "gorkusy" barada aýdýany dogrumy?


Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew (çepde) Orsýetiň prezidenti Wladimir Putini Daşkent howa menzilinde garşylaýar. 2024-nji ýylyň 25-nji maýy.
Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew (çepde) Orsýetiň prezidenti Wladimir Putini Daşkent howa menzilinde garşylaýar. 2024-nji ýylyň 25-nji maýy.

Golaýda Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski Merkezi Aziýa liderleriniň, onuň pikirine görä, "Kremlden gorkup", Orsýete tarap ymtylýandygyny aýtdy. Käbir analitikleriň pikirine görä, Russiýanyň Ukraina garşy doly möçberde çozuşlarynyň başlanmagyndan bäri Moskwanyň sebitdäki täsiri gowşady, käbirleri bolsa Kremlden gorkynyň bardygyny we onuň hakykatdan-da ösýändigini aýdýarlar.

«Men hiç kimi günälemeýärin» diýip, Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski 24-nji maýda Harkiwde metbugat wekillerine aýtdy.

Belki-de, Zelenskiý "Kremlden gorkusy" sebäpli Merkezi Aziýaly kärdeşleriniň halkara pozisiýasynyň Moskwa ýakyn galmagyny tankytlajak bolan däldir.

Emma Ukrainanyň prezidenti şol bir wagtda iýun aýynda Şweýsariýada geçiriljek, Russiýadan Kiýewe garşy agressiýasyny togtatmagy we BMG-niň Düzgünnamasyna laýyklykda parahatçylyk şertnamasyny baglaşmagy talap etjek sammit barada, olaryň haýsydyr bir reaksiýasyna garaşan bolmagy mümkin. Ýöne Zelenskiniň çakylygyny olar berk dymyşlyk bilen garşyladylar.

Eýsem beýle dymyşlyk Zelenskiniň dogrudygyny subut etmeýärmi?

«Bu esasan pragmatizme esaslanýar – diýip, Berlindäki Orsýeti we Ýewraziýany öwreniş Karnegi merkeziniň ylmy işgäri Temur Umarow hasap edýär. — Elbetde, bu pragmatizm käbir gorkyny-da öz içine alýar, sebäbi [Merkezi Aziýa döwletleri] öz hereketleri bilen Orsýeti gaharlandyrsa, yz ýanyndan reaksiýanyň dörejekdigini bilýärler».

Şol bir wagtda, Umarowyň aýtmagyna görä, umumy ýagdaý Zelenskiniň çak edişinden has çylşyrymly we gapma-garşylyklydyr.

Ukraina gaşy uruş başlandan bäri Merkezi Aziýa diplomatiýasy özüniň uly ösüşini we dürlüligi başdan geçirdi. Şol sanda, sebitiň käbir ýolbaşçylary we beýleki ýokary wezipeli resmileri wagtal-wagtal Moskwanyň alyp barýan ugruna garşy gelýän ýaly görünýän işleri aýdýarlar we edýärler.

«Ýöne olar hem Russiýa bilen gatnaşyklaryň ähmiýetine we Orsýetiň öz režimleriniň howpsuzlygy üçin möhümdigine düşünýärler – diýip, Umarow aýdýar. — Çozuşlar başlananyndan bäri Orsýetiň we Merkezi Aziýanyň ýokary wezipeli resmileriniň arasyndaky gatnaşyklaryň artmagy, şeýle hem prezident Wladimir Putiniň Özbegistana eden soňky sapary muňa subutnama bolup durýar».

RUSSIÝANYŇ ÖZBEGISTANDA ENERGIÝA TÄSIRINIŇ ARTMAGY

Putiniň Özbegistana eden sapary iki ýurt üçin, hakykatdan hem zerurdy.

Mirziýoýewiň metbugat sekretary Şerzod Azadowyň sözlerine görä, döwlet saparyny resmi taýdan 26-27-nji maý aralygynda geçirmek meýilleşdirilipdir, ýöne ol 28-nji maýa çenli süýşürildi. Iki prezident "gije sagat üçe çenli gürleşenlerinden" soň, gepleşikleri ertesi dowam etdirmeli bolupdyr.

Bu saparyň esasy maksady Russiýanyň ýadro energiýa ägirdi “Rosatomyň” Özbegistanda az güýçli ýadro energiýa beketini gurmaklygyň köp garaşylan tassyklamasy boldy.

ABŞ-nyň Kongresinde “Rosatoma” garşy sanksiýalaryň girizilmegini üpjün edýän kanunçylygyň öňe sürülýändigine garamazdan, 350 megawattlyk energiýa beketiniň gurluşygy baradaky ylalaşyk gazanyldy.

Şeýle hem bu Russiýanyň sebitiň iň köp ilatly ýurduna gün-günden artýan energiýa täsirini – rus gazynyň importyna zerurlygyň artdyrýandygyny hem nygtaýar. Putin "Gazpromyň" Özbegistana iberýän gazyny dört esse köpeltjekdigine söz beripdir, geljek ýyldan olar gaz akymyny 11 milliard kub metre ýetirmekçi.

Şeýle maglumatlar "Özbegistanyň düşen çukurynyň nähili çuňdugyny" görkezýär diýip, saparyň netijeleri barada "Özbegistanyň energetika zerurlyklary ony Orsýetiň aýlawyna baglaýar" atly makalany ýazan, Merkezi Aziýa boýunça ýöriteleşen žurnalist Piter Leonard hasap edýär.

«Emma ýowuz reallyk şunda, onda [Mirziýoýewde] başga çykalga az» diýip, Leonard özüniň "Havli" habar beriş serişdesinde ýazýar.

Mirziýoýewiň geçen aýyň ahyrynda, Britaniýanyň Daşary işler ministri Deýwid Kemeronyň sebite eden şowhunly saparynda, onuň bilen duşuşmadyk ýeke-täk Merkezi Aziýa prezidenti bolandygyny hem Leonard sözüne goşýar.

Kemeron sebitde bir hepdeläp sapara başlamagyndan öňinçä, Özbegistanyň prezidenti gysga wagtlyk rugsada çykdy.

Şol bir wagtda, ol Wengriýanyň baş diplomaty Peter Siýýarto bilen 7-nji maýda, Daşkentde duşuşmaga wagt tapdy.

Elbetde, Mirziýoýew 9-njy maýda özüniň Merkezi Aziýadaky beýleki dört kärdeşi bilen bilelikde, Moskwa bardy hem Putin bilen Ikinji Jahan urşunda faşistik Germaniýany ýeňmek mynasybetli her ýyl geçirilýän harby baýramçylyga gatnaşdy.

GAZAGYSTAN HEM ŞEÝLEMI?

Özbegistan ozalky Daşary işler ministri Abdulaziz Kamilowyň 2022-nji ýylda, Oliý Majlisde Ukraina barada aýdan sözleriniň syrly netijeleriniň yz ýanyndan, Merkezi Aziýada "Kremlden gorkmak" baradaky çekişmelerde, geň mysal görkezýär.

Habar berlişine görä, Kamilow ýurduň parlamentinde, Ukrainanyň "garaşsyzlygyny, özygtyýarlygyny we territorial bitewiligini" goldamak barada, aýgytly beýanat bereninden soňra, ol ilki saglyk ýagdaýy sebäpli işden çykdy, soňra bolsa has möhüm wezipä – Howpsuzlyk geňeşiniň sekretarynyň orunbasary edilip geçirildi.

Daşary işler ministri Abdulaziz Kamilow Özbegistanyň Pekindäki täze ilçihanasynyň açylyş dabarasynda çykyş edýär. 2019-njy ýylyň 19-njy awgusty.
Daşary işler ministri Abdulaziz Kamilow Özbegistanyň Pekindäki täze ilçihanasynyň açylyş dabarasynda çykyş edýär. 2019-njy ýylyň 19-njy awgusty.

Ukrainanyň Donetsk we Luhansk sebitlerinde de-fakto rus gözegçiligi astyndaky ýerleriň islendik ykrar edilmegini ret etmek we zorlugyň bes edilmegi baradaky çagyryş Merkezi Aziýa resmileriniň uruş baradaky iň güýçli beýanatlarynyň birine öwrüldi. Bu bolsa Özbegistan üçin hiç mahsus däldir.

«Merkezi Aziýa döwletleri Orsýetden, belki-de, gorkýandyrlar, ýöne olar [Günbatar ykdysady] sanksiýalar baradaky pikirden hem gorkýarlar – diýip, Umarow belleýär. — Şu wagta çenli olar gaça durmak strategiýasyny “ýeterlik ulanyp” geldiler».

Gazagystan uruş baradaky beýanatlarynda, şol sanda göni prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň gatnaşmagynda has öňe gitdi, emma hiç haçan 2022-nji ýylyň çozuşlaryny gös-göni tankytlamaga ýetmedi.

Zelenskiniň bombalanyp weýran bolan Harkiw şäherindäki metbugat çykyşynda, Merkezi Aziýanyň liderlerinde "biraz balansyň" – deňeçerligiň ýetmezçilik edýändigini-de aýtdy. Munuň aýratyn-da gazak diplomatlary üçin ýakymsyzdygyny belledi, sebäbi Astana urşuň soňuna çykmak baradaky gepleşikleriň öý eýesi bolmaga taýýardygyny birnäçe gezek öňe sürdi.

Emma Gazagystan hem Russiýanyň energiýa güýjüne daňlan ýaly görünýär.

Ýurt diňe bir nebit eksportynyň dörtden üç böleginden gowragy üçin, tranzit ýurt hökmünde Russiýa bagly bolup durýar (tranzit geçiriji Ukraina garşy çozuşlar başlanyndan bäri, birnäçe gezek bökdeldi). Gazagystanyň öz energiýa ýetmezçiligi agyr ýagdaýda.

Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin Sankt-Peterburg forumynda. 2022-nji ýylyň 17-nji iýuny.
Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin Sankt-Peterburg forumynda. 2022-nji ýylyň 17-nji iýuny.

Özbegistan ýaly Gazagystan hem ýadro energiýasyny gurmakçy bolýar. Üstesine, resmiler dürli ýurtlardan kompaniýalaryň konsorsiumynyň bähbitli boljagyny aýtsalar-da, “Rosatom” ony gurmaga birnäçe gezek açyk meýil bildirdi.

Sowet Soýuzynyň Gazagystanda geçiren ýadro synaglarynyň netijeleri sebäpli, atom energiýasy meselesi jedelli bolmagynda galýar, islendik karar kabul edilmezden öň, umumyhalk referendumy geçiriler diýip, Tokaýew söz berdi.

Bu aralykda, gazak resmileri Orsýete Gazagystanyň üsti bilen Hytaýa gaz geçirmäge rugsat bermek meselesini maslahatlaşýarlar, şol bir wagtyň özünde, gazyň bir bölegini öz hojalyk zerurlyklaryny kanagatlandyrmak üçin, Gazagystanyň içinde alyp galmakçy.

Energetika ministriniň orunbasary Alibek Žamauowyň sözüne görä, diňe Gazagystanyň demirgazyk-gündogar sebitine ýylda 10 milliard kub metre golaý tebigy gaz gerek.

HYTAÝ BILEN BAGLY MESELELER

Eger Russiýa öňküsi ýaly sebitiň iň güýçli iki ýurduna täsir edip bilse, onda beýleki ýurtlar üçin ýagdaý has aýdyň görünýär diýip, Almatydan bolan syýasy bilermen Dosym Satpaýew aýdýar:

«Eger-de Özbegistan we Gazagystan üçin bu energiýa serişdeleriniň ýetmezçiligi bolsa, onda Gyrgyzystan we Täjigistan üçin, Russiýadan zähmet migrantlarynyň pul serişdelerini yzyna ýollamagy we Türkmenistan üçin, Russiýanyň satyn almagy garaşlylyga mejbur edýär. Russiýada olaryň ählisine täsir eder ýaly dürli serişdeler bar».

Ondan başga-da, bularyň arasynda umumy awtoritar syýasy şahsyýetlik meselesi hem bar diýip, Satpaýew aýdýar.

«Olar özlerini Zelenskä garanda, Putine has meňzeş görmekden daşary, megerem, özlerini Si Jinpinge meňzedýändirler. Şeýlelikde, Zelenski köp ugurlarda mamla» diýip, ol aýdýar.

Kremlden gorkmak meselesi barada gürrüň gidende, köplenç ünsden düşürilýän beýleki faktor – Hytaýyň sebitde ägirt uly täsirini bellemek gerek diýip, Satpaýew nygtaýar.

Käbir syýasy synçylar 2008-nji ýylda, Gürjüstandan garaşsyzlygyny yglan eden we Russsiýa tarapyndan goldanylýan syýasata goşulan Abhaziýany we Günorta Osetiýany Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykrar etmändigine geň galdylar.

Aslynda olaryň pozisiýasy Hytaýyň pozisiýasyny görkezýärdi, habar berlişine görä, şonda aýry-aýry sebitlerde we köp guramalarda, şol sanda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynda, Russiýanyň diplomatik synanyşyklaryna päsgel berlipdir. Merkezi Aziýadaky bäş döwletden dördüsi ol guramanyň agzalarydyr.

Moskwanyň “özümiňki” diýip talap eden Gündogar Ukrainadaky territoriýalary kollektiwleýin ykrar edilmezlik ýagdaýy hem şeýledir.

Muňa garamazdan, Pekin bilen Moskwanyň arasynda ýakynlyk bolany üçin, Kiýewiň şu wagta çenli Hytaýy uruş meselesine gatnaşdyrmaga synanyşygyny olar sowuk kabul edip geldiler.

Mundan öň, Zelenskiniň 15-16-njy iýunda Şweýsariýada geçiriljek sammite gatnaşmak baradaky Pekine eden teklibine aýdyň jogap hökmünde, Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň wekili Mao Ning Pekiniň "Russiýa hem-de Ukrain tarapyndan ykrar ediljek halkara parahatçylyk konferensiýasyny" goldajakdygyny nygtady.

*Postuň terjimesi:

Aşimbaýew Gazagystanyň "parahatçylyk sammitine" gatnaşmagy baradaky soraga anyk jogap bermedi.

Gazagystanyň Senatynyň başlygy Maulen Aşimbaýew bu sorag bilen Gazagystanyň Daşary işler ministrligine ýüzlenmegi haýyş etdi.

"Sammitiň formaty nähili bolar, oňa kim gatnaşýar, kim çagyrýar, gepleşikleriň konteksti nähili bolar – munuň üçin köpräk maglumat gerek. Haçan-da, maglumat bar bolsa, şonda bu soraga jogap berip bolar" diýip, Aşimbaýew 30-njy maýda, žurnalistleriň sowallaryna jogap berdi.

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski Harkiwde Merkezi Aziýadan, şol sanda Gazagystandan bolan žurnalistler üçin brifing geçirdi. Ol, hususan-da, sebitiň ýurtlarynyň ýolbaşçylarynyň alyp barýan syýasaty we olaryň Parahatçylyk sammitine çagyrylandygy barada, öz pikirini aýtdy.

15-16-njy iýunda Şweýsariýada bütindünýä parahatçylyk sammiti geçiriler. Şweýsariýa umumylykda, 160-dan gowrak ýurdy we halkara guramalaryny çagyrdy, çagyrylanlaryň arasynda Russiýa ýok. Wolodymyr Zelenskiniň mundan öň düşündirişi ýaly, Ukraina Moskwanyň bu prosesi bozmagyny islemeýär. Onuň sözlerine görä, rus wekilleri indiki tapgyrda aralykçylaryň üsti bilen çekiler.

Moskwa hem öz gezeginde, Şweýsariýada geçiriljek duşuşyga çagyrylan ýagdaýynda-da, gatnaşmajagyny beýan etdi. Olar Russiýanyň goşunlarynyň Ukrainanyň halkara derejesinde ykrar edilen tutuş territoriýasyndan çekilmegini aňladýan Ukrainanyň "parahatçylyk formulasyny" ara alyp maslahatlaşmaga taýýar däl.

Eger-de bu gepleşiklere Orsýetiň gatnaşmaýandygy üçin, Hytaýyň hem çekiljekdigi göz öňünde tutulsa, onda Merkezi Aziýa liderlerinden haýsydyr biriniň gatnaşmaga mümkinçilik örän az galýar.

«Russiýanyň Ukraina çozuşlaryndan bäri Hytaýyň oňa ýakynlaşmagy sebäpli Merkezi Aziýa ýurtlaryna Günbatara garşy giň gerimli frontuň bir bölegi bolmak baradaky basyş biraz güýçlendi – diýip, Satpaýew Azatlyk Radiosy bilen eden interwýusynda aýdýar. – Ukraina bolsa häzir Günbatar bilen berk baglanşykly».

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG