Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Zelenski: Kiýew ABŞ bilen maýa goýumy we howpsuzlyk boýunça "güýçli", "peýdaly ylalaşyga" taýýar


Wolodymyr Zelenski ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň Ukraina we Russiýa boýunça ýörite wekili Kit Kellog bilen
Wolodymyr Zelenski ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň Ukraina we Russiýa boýunça ýörite wekili Kit Kellog bilen

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski Kiýewde ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň Ukraina we Russiýa boýunça ýörite wekili Kit Kellog bilen duşuşdy.

Zelenski duşuşykdan soň munuň "gowy söhbetdeşlik" bolandygyny aýtdy. Onuň sözlerine görä, olar "söweş meýdanyndaky ýagdaý we uruş ýesirleriniň ählisini nädip yzyna gaýtarmalydygy, şeýle-de, netijeli howpsuzlyk kepillikleri barada jikme-jik pikir alyşdylar".

"Ukraina bu urşuň ilkinji sekundyndan bäri parahatçylyk isleýär, Russiýa hiç haçan yzyna uruş bilen dolanyp bilmez ýaly, biz parahatçylygy ygtybarly we dowamly edip bileris we etmeli. Ukraina ABŞ-nyň prezidenti bilen maýa goýumy we howpsuzlyk meselesinde güýçli, hakykatdanam peýdaly ylalaşyga taýyn" diýip, Zelenski aýtdy we Ukrainanyň "netije gazanmagyň iň çalt we konstruktiw ýoluny" teklip edendigini hem sözüne goşdy.

Duşuşykdan soň Zelenski bilen Kellog žurnalistleriň öňünde çykyş etmelidi, ýöne soň metbugat wekillerine diňe protokol suratyny düşürmek rugsadynyň beriljekdigi belli boldy.

Zelenskiniň metbugat wekili Serhiý Nikiforow munuň "Amerikan tarapynyň haýyşy boýunça" şeýle edilendigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG