Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski, günbatar hyzmatdaşlarynyň Ukraina berýän harby kömeginiň deregine, Kiýewiň gazylyp alynýan peýdaly zatlar meselesinde hyzmatdaşlyga açykdygyny aýtdy. Ol ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň biraz öň Kiýewiň mundan beýläk hem harby taýdan üpjün edilmeginiň tarapdarydygyny, ýöne munuň gazylyp alynýan seýrek metallaryň deregine ediljekdigi barada aýdan sözlerine düşündiriş berdi.
Zelenski 4-nji fewralda HAEA-niň müdiri Rafael Grossi bilen bolan duşuşykdan soň geçirilen metbugat ýygnagynda özüniň geçen ýyl hödürlän "ýeňiş meýilnamasynyň" bir punktynda Ukrainanyň ýurtda "ýeterlik" bolan mineral serişdelerine maýa ýatyrmagy göz öňünde tutýandygyny belländigini ýatlatdy.
Zelenski Ukrainanyň "uly mukdardaky mineral baýlyklarynyň" Russiýanyň 2014-nji ýyldan bäri basyp alan ýerlerinde ýerleşýändigini aýtdy.
"Biz bularyň ählisiniň öz topragymyzy goramaga, ýaraglary, öz gatnaşyklary we sanksiýalar bukjalary arkaly duşmany yza iteklemäge kömek edýän hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde özleşdirilmek mümkinçiligine açyk” diýip, ukrain lideri aýtdy.