Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Zelenski janlary halas etmek üçin, Wuhledardan yza çekilmegiň zerur bolandygyny aýtdy


Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski (çepde) 3-nji oktýabrda Kiýewde NATO-nyň baş sekretary Mark Rutteni garşylaýar
Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski (çepde) 3-nji oktýabrda Kiýewde NATO-nyň baş sekretary Mark Rutteni garşylaýar

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski ukrain güýçleriniň Donetsk regionyndaky Wuhledar şäherinden yza çekilmeginden bäri eden ilkinji çykyşynda, munuň janlary aman saklamak üçin edilen “dolulygyna dogry” ädim bolandygyny aýtdy.

Zelenski 3-nji oktýabrda NATO-nyň baş sekretary Mark Rutte bilen Kiýewde geçiren metbugat ýygnagynyň dowamynda, Russiýanyň güýçleriniň Wuhledar şäheriniň töweregi boýunça ukrain esgerleriniň pozisiýalaryny weýran edendigini belledi.

Yza çekilmek zerurdy, sebäbi janlar “islendik binalardan has möhüm” diýip, Zelenski belledi.

2-nji oktýabrda Ukrainanyň harbylary Wuhledardan çekilýändiklerini tassykladylar.

Rutteniň Kiýewe öňünden yglan edilmedik sapary, NATO-nyň baş sekretary wezipesine girişeninden iki gün soň amal edildi. Ol Russiýanyň doly gerimli hüjümine garşy durýan Ukraina üçin, Günbataryň goldawynyň dowam etdiriljekdigi baradaky NATO-nyň wadasyny gaýtalady.

XS
SM
MD
LG