Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Zelenski dünýä liderleri bilen duşuşmazyndan öň ABŞ ýarag zawodyna sapar edýär


Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski 
Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski 

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski şu hepde prezident Jo Baýden we beýleki dünýä liderleri bilen boljak duşuşyklaryň öňüsyrasynda Pensilwaniýa ýarag zawodyna baryp gördi. Bu zawodda onuň ýurdunyň uruş tagallalary üçin möhüm bolan ok-däriler öndürilýär.

“Scranton” zawody ABŞ-da 155 mm artilleriýa toplaryny öndürýän az sanly kärhanalaryň biri bolup durýar. Ukraina 2022-nji ýylyň fewral aýynda başlanan urşuň başyndan bäri bu top oklarynyň millionlarçasyny sarp etdi.

Ukrain prezidenti ABŞ-nyň uzak aralyga ýetýän raketalaryny, Moskwanyň uruş tagallalary üçin wajyp howa meýdançalary we ýarag ammarlary ýaly möhüm nyşanalara zarba urmak üçin, Russiýanyň has töründäki ýerlerine atmak boýunça rugsat almaga umyt baglaýar. Zelenski söweş meýdanynda ýeňiş gazanmak baradaky meýilnamasyny hem mälim eder.

XS
SM
MD
LG