Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Zelenski Baýdene sagbol aýdýar, Ukraina 'kyn, ýöne güýçli karara' hormat goýýar diýýär


Waşington. Prezident Wolodymyr Zelenski ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden bilen, 11-nji iýul, 2024
Waşington. Prezident Wolodymyr Zelenski ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden bilen, 11-nji iýul, 2024

Prezident Wolodymyr Zelenski Ukrainanyň ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýdeniň gaýtadan saýlanmak üçin dalaşgär bolmakdan çekilmek baradaky "kyn, ýöne güýçli kararyna" hormat goýýandygyny aýtdy.

81 ýaşyndaky Baýden 21-nji iýulda, ýaşy sebäpli bäsleşige ýarap-ýaramajagy barada bildirilen aladalar arasynda, noýabr aýynda gaýtadan saýlanmak üçin dalaşgär bolmagyny bes edip, wise-prezident Kamala Harrisiň prezident saýlawynda Demokratik partiýanyň dalaşgäri bolmagyna goldaw bildirdi.

“Güýçli iki partiýaly goldaw bilen bir hatarda, Ukrainanyň azatlyk ugrundaky söweşinde aýgytly bolan we aýgytly bolup galýan gyşarnyksyz goldawy üçin, Ukraina prezident Baýdene minnetdar” diýip, Zelenski 22-nji iýulda X platformasynda ýazdy.

Birleşen Ştatlar, Baýdeniň ýolbaşçylygynda, Ukrainanyň Russiýanyň esassyz başlan çozuşyndan goranmak üçin alyp barýan söweşine esasy harby we maliýe kömegini berýän ýurt boldy.

Russiýa 2022-nji ýylyň fewral aýynda Ukraina garşy giň gerimli çozuşa başlanyndan soň, Baýden derrew Ukrainany onlarça milliard dollarlyk harby we maliýe kömegi bilen goldajak ýaranlaryň başyny birikdirdi we bu onuň prezident wezipesinde yzynda galdyran saldamly miraslarynyň biri boljaga meňzeýär.

"Soňky ýyllarda köp sanly güýçli karar kabul edildi we olar prezident Baýdeniň agyr synagly günlere jogap hökmünde gören batyrgaý çäreleri hökmünde ýatda galar. Biz onuň şu günki kyn, ýöne güýçli kararyna hormat goýýarys" diýip, Zelenski ýazdy.

"Biz prezident Baýdeniň ýolbaşçylygy üçin elmydama minnetdar bolarys. Ol biziň ýurdumyza taryhyndaky iň agyr pursadynda goldaw berdi, Putiniň biziň ýurdumyzy basyp almagynyň öňüni almagymyza kömek etdi we bu aýylganç urşuň dowamynda bize goldaw bermegini dowam etdirdi" diýip, Zelenski nygtady.

Öňki prezident, Respublikan partiýanyň dalaşgäri hökmünde gaýtadan saýlanmak üçin bäsleşige çykan Donald Tramp, ýene bir gezek prezident saýlansa, Russiýanyň Ukraina garşy alyp baran urşuny togtatjakdygyny tekrarlady.

Tramp bu wadasyny 19-njy iýulda Zelenski bilen eden telefon söhbetdeşliginde hem gaýtalady we iki erkegi hem gowy diýip häsiýetlendirdi.

Harris häzirki wezipesinde bolan üç ýylynda halkara derejesini hasam ýokarlandyrdy we geçen aý Şweýsariýada Ukrainanyň parahatçylygyna bagyşlanyp geçirilen sammitde ABŞ-a wekilçilik etdi.

Zelenski öz beýanatynda Waşingtonyň günbatar ýaranlarynyň başyny çekip, Ukrainanyň Russiýanyň agressiýasyna berýän jogabyny goldajakdygyna we Ukrainany terk etmejekdigine umyt bildirdi.

"Ukrainadaky we tutuş Ýewropadaky häzirki ýagdaý ýeňil-ýelpaý däl we biz Amerikanyň dowamly, kuwwatly ýolbaşçylygynyň rus şeriniň ýol almagynyň öňüni almagyna ýa-da onuň agressiýasynyň bahasynyň töledilmegine tüýs ýürekden umyt baglaýarys" diýip, Zelenski aýtdy.

Forum

XS
SM
MD
LG