Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dekolonizasiýa sapaklary: Işlenmedik öý işleriniň bahasy näçe bolýar?


Aşgabat howa menzilinde bilet aljak bolýan adamlar. Arhiw suraty
Aşgabat howa menzilinde bilet aljak bolýan adamlar. Arhiw suraty

Türkmenistan ozalky koloniýadan çykan, şol bir wagtda-da öz ykbalyny özbaşdak kesgitlemekde, uzaga çeken baknalygyň medeni ýa-da sosial täsirlerinden saplanmakda kynçylyk çekýän ýurt hasaplanýar. Bu ugurda iň soňky çykan habar türkmen hökümetiniň Russiýa gidip, Moskwanyň Ukrainada alyp barýan urşuna goşulmakçy bolýan ýaş raýatlary barada edýän aladalary bilen bagly. Mundan öň Aşgabat ýurtdaky agyr işsizlik zerarly Türkiýä gidýän raýatlarynyň ol ýere wizasyz baryp bilmek mümkinçiligine garşy göreşipdi.

Pragada ýaşaýan türkmen ýazyjysy Hudaýberdi Hallynyň pikiriçe, Aşgabat häzir dekolonizasiýa prosesinde goýberen ýalňyşlyklarynyň, üstesine çözülmedik, hatda boýun hem alynmadyk işsizlik, okuwsyzlyk ýaly meseleleriň muzduny töleýär.

Dekolonizasiýa sapaklary tapgyryndan Pragada ýaşaýan türkmen ýazyjysy bilen geçiren söhbetdeşligimizi diňläp, öz pikirleriňizi aýtmaga çagyrýarys.

Diňle: Ýurduň içki ýagdaýyna seretmek zerur - ýazyjy
please wait

No media source currently available

0:00 0:12:34 0:00

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG