Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystanyň ilkinji prezidenti statusyň dikeldilmegini isleýär


Gyrgyzystanyň ilkinji prezidenti Askar Akaýew
Gyrgyzystanyň ilkinji prezidenti Askar Akaýew

Gyrgyzystanyň ilkinji prezidenti Askar Akaýew özüniň öňki prezident statusynyň dikeldilmegini sorap, gyrgyz parlamentine ýüz tutdy diýip, kanun çykaryjy Çolpon Soltanbekowa 5-nji sentýabrda habar berdi.

Akaýew 2010-njy ýylda, hökümete garşy protestler sebäpli Moskwa gaçanyndan bäş ýyl soň öz öňki prezident durumyndan mahrum edilipdi. Akaýew şol wagt korrupsiýa aýyplamalary bilen ýüzbe-ýüz bolupdy.

2023-nji ýylda, wagt möhletiniň geçmegi sebäpli, Akaýewe bildirilýän aýyplamalaryň ählisi ýatyryldy.

Akaýew 1990-2005-nji ýyllar aralygynda prezident bolupdy.

Ol Gyrgyzystany terk edeninden soň, köp ýyllap bu ýere gaýdyp gelmekden saklandy. Ýöne 2021-nji ýylda, Milli howpsuzlyk boýunça Döwlet komitetiniň soraglaryna jogap bermek üçin, Bişkege birnäçe sapar etdi.

XS
SM
MD
LG