Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýüzlerçe rus esgeriniň Demirgazyk Koreýada bejergi alýandygy belli boldy


Demirgazyk Koreýanyň ukrain urşunda ýaralanan esgeri
Demirgazyk Koreýanyň ukrain urşunda ýaralanan esgeri

Ýüzlerçe rus esgeri Demirgazyk Koreýanyň keselhanalarynda bejergi alýar diýip, rus diplomaty aýtdy we bu sözler Moskwa bilen Phenýanyň Ukraina urşundaky hyzmatdaşlygynyň ýene bir ugruna göz aýlamak mümkinçiligini döretdi.

Russiýanyň Demirgazyk Koreýadaky ilçisi Aleksandr Matsegora döwlet eýeçiligindäki "Rossiiskaya Gazeta" beren interwýusynda Demirgazyk Koreýadaky keselhana ýerleşdirilen ýaraly esgerler, ýa-da bu uruşda ölenler, maýyp bolanlar barada anyk maglumat bermedi.

“[Ukraina urşunda] ýaralanan ýüzlerçe esgeriň Koreýa şypahanalarynda we hassahanalarynda saglygyny dikeltmegi [Moskwa bilen Phenýanyň arasyndaky] doganlyk gatnaşyklarynyň aýdyň mysaly" diýip, ilçiniň aýdan sözleri sitirlendi.

Moskwa 2022-nji ýylyň fewral aýynda Ukrainany tutuşlygyna basyp almak üçin başlan urşundan takmynan alty aý soň, bu işde kömek soramak üçin, Demirgazyk Koreýa ýüz tutdy.

XS
SM
MD
LG