Ysraýylyň Gaza zolagyna 27-nji oktýabrda uran harby zarbalary azyndan 45 palestinalyny öldürdi, olaryň köpüsi anklawyň demirgazygyndan diýip, Palestinanyň saglyk resmileri ýaraşygy üpjün etmek tagallalarynyň dikeldilen wagtynda aýtdy.
ABŞ-nyň Merkezi aňtaw gullugynyň (CIA) we Ysraýylyň Mossad aňtaw gullugynyň müdirleri Kataryň premýer-ministri bilen Dohada duşuşar diýip, bir resmi gepleşikler barada beren gysgaça habarynda aýtdy.
Gepleşiklerde gysga möhletli ýaraşyk baglaşylmagy, ABŞ we ÝB tarapyndan terror guramasy diýlip kesgitlenen Hamas tarapyndan zamun alnan adamlaryň bir böleginiň Ysraýylyň saklaýan palestin tussaglarynyň deregine boşadylmagy üçin tagalla ediler diýip, resmi aýtdy.