22-nji iýulda Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu ABŞ-nyň Kongresiniň öňünde çykyş etmek üçin, arkasynda gazaply urşy goýup, Waşingtona ugraýar. Bu sapar Jo Baýdeniň prezidentlik ýaryşyndan çekilýändigini yglan etmeginden soň dörän uly nämälimligiň arasynda amala aşyrylýar.
Bu aralykda, ABŞ we Ýewropa Bileleşigi tarapyndan terroristiki gurama hökmünde ykrar edilen Hamas bilen Ysraýylyň arasynda ok atyşyklary bes etmek ylalaşygyny gazanmak ugrunda tagallalar dowam etdirilýär, şeýle-de urşuň Liwana we Ýemene geçmek howatyrlary artýar.