Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ysraýylyň howa güýçleri Günorta Liwana onlarça howa zarbasyny urdy


Ysraýylyň howa güýçleri 23-nji sentýabrda Liwanyň günortasynda onlarça howa hüjümini amala aşyrdy
Ysraýylyň howa güýçleri 23-nji sentýabrda Liwanyň günortasynda onlarça howa hüjümini amala aşyrdy

Ysraýylyň howa güýçleri 23-nji sentýabrda Liwanyň günortasynda onlarça howa hüjümini amala aşyrdy diýip, döwlet metbugaty ysraýyl goşunyna salgylanyp habar berdi.

Liwanyň günortasynda ýerleşýän dürli-dürli obalaryň ýaşaýjylary sosial mediada surat paýlaşyp, olaryň öz şäherlerine edilýän hüjümlere degişlidigini aýtdylar.

Döwlet eýeçiligindäki Milli habar gullugy dürli sebitlere urlan howa zarbalary barada habar berdi. Ysraýyl goşunynyň arap dilindäki metbugat wekili Ysraýylyň harby-howa güýçleriniň Liwanyň Hizbulla söweşiji topary bilen baglanyşykly nyşanalara hüjüm edýändigini aýtdy.

Metbugat wekili has giňişleýin maglumatyň biraz soň ýaýradyljakdygyny hem sözüne goşdy.

Liwanyň hasaplamalaryna görä, Ysraýyl 23-nji sentýabrda Hizbullanyň ýüzlerçe nyşanasyna uran iň gerimli howa hüjümlerinde azyndan 100 adam heläk boldy.

Raýatlara ABŞ tarapyndan terror guramasy diýlip kesgitlenen ýaragly toparyň adamlarynyň ýerleşendigi, ýarag saklaýandygy aýdylýan ýerlerden ewakuasiýa etmelidigi duýduryldy.

XS
SM
MD
LG