Ysraýylyň 22-nji awgust güni irden demirgazyk Gazadaky Beýt Lahiýa şäherçesinde bir ýaşaýyş binasyna uran zarbasy netijesinde azyndan 11 adam öldürildi diýip, Palestinanyň resmi “Wafa” habar gullugy aýtdy.
ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken Ýakyn Gündogara eden soňky saparynda Gazada atyşygyň bes edilmegi ugrundaky tagallalary tizleşdirmäge çalyşdy, ýöne sebiti Hamas topary bilen Ysraýylyň arasynda gelnen, emma şindem düşnüksiz bolup galýan ylalaşyk bilen terk etdi.