29-njy sentýabrda Ysraýyl Eýran tarapyndan goldanylýan jeňçi toparlaryna hüjümlerini ýaýbaňladyp, Ýemeniň port şäheri Hodeýda zarba urdy. Bu sebit Tähranyň ýarany Huthi jeňçileriniň gözegçiliginde saklanýar. Ysraýylyň Liwana, şol sanda Beýrutyň günortasyndaky Hezbollah toparynyň berkitmelerine hem zarbalaryny dowam etdirmegi, dünýä liderlerinde Ýakyn Gündogar sebitinde giň gerimli urşuň turmak howatyrlaryny artdyrdy.
Ysraýylyň harby resmileriniň maglumatyna görä, şol sanda harby uçarlaryň gatnaşmagynda geçirilen giň gerimli howa operasiýasynyň dowamynda, Huthi jeňçileriniň Ýemeniň Ras Issa we Hodeýda sebitlerindäki harby maksatlar üçin ulanylýan nyşanalaryna zarba urlupdyr.
2014-nji ýylda Ýemende turan graždançylyk urşunda, Huthi jeňçileri paýtagt Sanaany eýediler. Mundan soň, Saudlaryň ýolbaşçylygyndaky güýçler halkara derejede ykrar edilen hökümeti goldadylar.
Ysraýylyň Liwana amala aşyrýan urgulary, indi hem Ýemene edýän zarbalary, BMG we beýleki möhüm güýçler, şol sanda Waşington tarapyndan uruş hereketleriniň gerimini gowşatmak baradaky barha artýan çagyryşlarynyň arasynda bolup geçýär.