Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ysraýyl Hizbullanyň atan 200-den gowrak raketasyna jogap berýär


Liwanyň Hizbulla topary, ýokary derejeli serkerdeleriniň birini öldüren zarba jogap hökmünde, Ysraýylyň birnäçe harby bazasyna 200-den gowrak raketa atandygyny aýdýar.

Eýran tarapyndan goldanylýan söweşiji toparyň 4-nji iýulda eden hüjümi Liwan-Ysraýyl serhedinde birnäçe aý bäri dowam edýän konfliktde bolan iň soňky hüjümleriň biri boldy.

Bu hüjümiň pidalary barada bada-bat habar berilmedi. Ysraýyl goşuny biraz soň, 4-nji iýulda bu hüjüme jogap berip, "Liwanyň günortasyndaky başlangyç pozisiýalara" zarba urýandygyny aýtdy. Ysraýyl 3-nji iýulda Liwanyň günortasynda Hizbullanyň üç sebit bölüminden birine ýolbaşçylyk eden Muhammet Naameh Naseri bir gün ozal öldürendigini boýun aldy.

XS
SM
MD
LG