Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ysraýyl goşuny Gaza zolagynyň merkezindäki koridordan çekildi


 Netzarim korridoryndan geçýän palestinalylar. 9-njy fewral, 2025.
Netzarim korridoryndan geçýän palestinalylar. 9-njy fewral, 2025.

Ysraýyl goşuny, ýaraşyk şertnamasynyň şertlerine laýyklykda, Gaza zolagynyň merkezindäki Netzarim koridoryndan çekilmek çärelerini tamamlady.

Ysraýyl bölümleri Gaza zolagy bilen Müsüriň serhedinde ýerleşýän Filadelfiýa koridorynda saklanyp galdy. Bu sebite “Rafah” barlag-geçiriş nokady, şeýle-de zolagyň çäginde howpsuzlyk üçin döredilen bufer zolagy girýär.

Ysraýyl metbugaty we telegram kanallary Ysraýylyň goranyş goşuny Netzarim koridoryndan çekilenden soň, 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda hüjüm edilen Kibbutz Nir Ozyň garşysyndaky serhet diwaryndan takmynan 300 metr uzaklykda onlarça gazalynyň görlendigini habar berdiler.

Ysraýyl goşunynyň esgerleri duýduryş oklaryny atdylar. Harbylaryň sözlerine görä, gazalylaryň Nir Oz sebitine aralaşmagy Ysraýyl-Hamas şertnamasynyň şertlerine laýyk gelmeýär.

XS
SM
MD
LG