Ysraýylyň Goranmak güýçleri Gaza zolagynda täze guryýer operasiýasyna başlaýandygyny yglan etdi. Harbylar bu operasiýanyň maksadynyň howpsuzlyk zolagyny giňeltmekden hem-de Gazanyň demirgazyk we günorta sebitleriniň arasynda bölekleýin bufer zolagyny döretmekden ybarat bolandygyny aýtdy.
Media maglumatlaryna görä, Ysraýylyň Goranmak güýçleri Gazany iki bölege bölýän Netzarim geçelgesine gözegçiligi giňeldipdir.
ABŞ we ÝB tarapyndan terror guramasy hökmünde kesgitlenen “Hamas” Ysraýyl harbylarynyň hereketlerini ýaraşyk ylalaşygynyň “nobatdaky gezek howply bozulmagy” atlandyrdy. Topar özüniň ýaraşyga ygrarly galýandygyny aýdýar hem-de araçylary “öz borçlaryny ýerine ýetirmäge” çagyrýar.
Ýanwardan bäri öz güýjünde galýan ýaraşyga garamazdan, Ysraýyl ähli zamunlaryň derhal boşadylmagyny talap edip, sişenbe güni Gaza zolagynda howa zarbalaryna gaýtadan başlady. Hamas Ysraýyl güýçleri doly yza çekilse hem-de harby operasiýalary bes etse, munuň bilen ylalaşyp biljekdigini aýtdy.
Gazanyň Hamas gözegçiligindäki Saglyk ministrligi Ysraýylyň Gaza zolagynda gaýtadan amala aşyryp başlan howa zarbalarynda 400-den gowrak adamyň heläk bolandygyny aýtdy. Bu sanlary garaşsyz ýagdaýda tassykladyp bolmaýar.