Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ysraýyl ewakuasiýa buýrugyny berip, günorta Gaza zarba urdy


Günorta Gazadaky täze nyşanalara zarba urup, Ysraýyl ýüzlerçe palestinalyny gaçmaga mejbur etdi.
Günorta Gazadaky täze nyşanalara zarba urup, Ysraýyl ýüzlerçe palestinalyny gaçmaga mejbur etdi.

Goşun ýene bir gezek gür ilatly ýerleriň adamlarynyň ewakuasiýa edilmegini buýranyndan soň, günorta Gazadaky täze nyşanalara zarba urup, Ysraýyl ýüzlerçe palestinalyny gaçmaga mejbur etdi.

Şaýatlar Han Ýunus säheriniň içine we töweregine urlan köp zarba barada habar berdiler. Palestinanyň Gyzylýarymaý jemgyýetiniň we ady aýdylmadyk lukmanyň maglumatyna görä, bu şäherde sekiz adam ölüp, 30-dan gowrak adam ýaralandy.

Bu zarbalar “Yslamçy Jihad” atly söweşiji toparyň seýrek duş gelýän raketa hüjüminden soň uruldy. Gaza zolagynyň beýleki böleklerindäki ýerler ABŞ we ÝB tarapyndan terrorçy gurama diýlip kesgitlenen Hamas toparynyň Ysraýylyň günortasyna 7-nji oktýabrda eden hüjüminden soň başlanan uruşda dokuz aýa golaý dowam eden söweşden saplanýar.

XS
SM
MD
LG