Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ysraýyl Beýrutyň eteklerine zarba urdy


Ysraýylyň Beýruta uran zarbalarynyň netijeleri
Ysraýylyň Beýruta uran zarbalarynyň netijeleri

16-njy oktýabrda irden Ysraýyl Beýrutyň günorta sebitlerine zarba urdy diýip, Reuters gullugynyň şaýatlary aýtdy. Bu zarbalar, Eýranyň hem goşulmagyndaky has iri konfliktiň turmak howatyrlarynyň arasynda, ABŞ-nyň Ysraýylyň Beýruta urýan zarbalarynyň gerimine garşy çykmagyndan birnäçe sagat soň amal edildi.

Zarbalaryň öň ýany Ysraýylyň harbylary sebitiň ýaşaýjylaryna ewakuasiýa bolmaga görkezme berdi.

Mundan iki hepde töweregi ozal, Ysraýyl Hezbollah toparyna garşy Liwanyň günortasynda gury-ýer operasiýa başlady. ABŞ Hezbollahy terrorçy topar hökmünde ykrar edýär.

15-nji oktýabrda Döwlet departamentiniň metbugat wekili Mettýu Milleriň aýtmagyna görä, Birleşen Ştatlar soňky zarbalar bilen baglylykda premýer-ministr Benýamin Netanýahunyň administrasiýasyna özüniň aladalaryny beýan edipdir.

XS
SM
MD
LG