Ysraýyl BMG-niň Adam Hukuklary Geňeşinden çykýar - şuňa meňzeş karar bir gün öň ABŞ-da kabul edilipdi. Ysraýylyň Daşary işler ministri Gideon Saar öz ýurdunyň ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň BMG-niň Adam Hukuklary Geňeşiniň işine gatnaşmazlyk kararyny goldaýandygyny aýtdy.
"BMG-niň Adam Hukuklary Geňeşinde adam hukuklaryny bozýanlary goramak, olaryň gizlenmegine mümkinçilik bermek we Ýakyn Gündogarda ýeke-täk demokratiýany - Ysraýyly ýaramaz edip görkezmek däbi bar" -diýip, Saar aýtdy.
Şeýle hem, Saar Ysraýylyň "100-den gowrak ýazgaryjy rezolýusiýa sezewar edilendigini" we munuň geňeş tarapyndan kabul edilen ähli rezolýusiýalaryň 20 göteriminden köpdügini belledi. Ministr munuň Eýran, Kuba, Demirgazyk Koreýa we Wenesuela babatynda bilelikde kabul edilen rezolýusiýalardan köpdügini aýtdy.
4-nji fewralda ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp ABŞ-ny BMG-nyň birnäçe guramasyndan, şol sanda Adam Hukuklary Geňeşinden çykarmak baradaky buýruga gol çekdi.
Trampyň düşündirişi ýaly, çykyşyň esasy sebäbi ABŞ bilen beýleki ýurtlaryň arasyndaky goşantlaryň düýpli tapawudyna bagly. Şeýle hem resminamada Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň palestinalylar üçin esasy kömek gullugy bilen hyzmatdaşlygyň bes edilýändigi aýdyldy.