Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

YÖB Aşgabada onkologiýa merkezleriniň gurluşygy üçin $156,3 million berer


Bezeg suraty
Bezeg suraty

Yslam ösüş banky (YÖB) türkmen hökümeti bilen umumy bahasy 156,3 million ABŞ dollaryna barabar bolan üç sany onkologiýa hassahanasynyň gurluşygyny maliýeleşdirilmek baradaky ylalaşyga gol çekdi diýip, türkmen metbugaty habar berýär.

Bu ylalaşyga Waşington şäherinde, Türkmenistanyň Daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarow bilen YÖB-niň ýolbaşçysy Muhammad Al Jasser gol çekipdir.

Taslamanyň umumy bahasy 259 million dollara barabar. Täze lukmançylyk desgalary Balkanabat, Türkmenabat şäherlerinde we Mary welaýatynda gurlar.

Ylalaşyga gol çekmek dabarasy Halkara pul gaznasynyň we Bütindünýä bankynyň ýyllyk maslahatynyň çäklerinde geçirildi.

XS
SM
MD
LG