Britan premýer-ministri Keir Starmer 2-nji martda Londonda geçirilen Geljegimizi üpjün etmek" sammitinde Ýewropa liderleriniň Ukraina üçin parahatçylyk meýilnamasyny düzmek barada ylalaşandyklaryny, soň bolsa onuň ABŞ-a hödürlenjekdigini aýtdy.
Şeýle hem, ýygnanan ýolbaşçylar diňe bir Ukrainada parahatçylygy üpjün etmek üçin däl-de, eýsem tutuş dünýä üçin durnuklylygy gazanmak boýunça goranmak tagallalaryny güýçlendirmäge çagyrdylar diýip, Londondan Azatlyk Radiosynyň ýörite habarçysy Reý Furlong habar berdi.
Britaniýanyň paýtagtynda iki sagat töweregi dowam eden sammite Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski gatnaşdy. Soňra ony Beýik Britaniýanyň patyşasy Çarlz III kabul etdi.
Keir Starmer 5000-den gowrak howa gorag raketasyny satyn almak üçin Britaniýanyň Ukraina 1,6 milliard ýewro ygtyýar berjekdigini metbugat ýygnagynda aýtdy.
Starmer Beýik Britaniýanyň, Ukrainanyň we Fransiýanyň “isleg bildirýänler koalisiýasyny” döredip, onuň parahatçylyk planyny düzjekdigini we soň ABŞ-nyň administrasiýasyna hödürlejekdigini aýtdy.