Sepleriň elýeterliligi

 
Ýewropa liderleri, Tramp-Putin söhbetdeşliginden soň, Ukrainanyň parahatçylyk gepleşikleriniň özeninde bolmalydygyny aýdýarlar
Soňky habar

Ýewropa liderleri, Tramp-Putin söhbetdeşliginden soň, Ukrainanyň parahatçylyk gepleşikleriniň özeninde bolmalydygyny aýdýarlar


NATO-nyň goranmak ministrleriniň Brýusselde geçýän ýygnagyna gatnaşýan resmiler
NATO-nyň goranmak ministrleriniň Brýusselde geçýän ýygnagyna gatnaşýan resmiler

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen bir sagatdan gowrak telefonda gürleşip, Ukrainadaky urşy soňlamak üçin parahatçylyk gepleşiklerine başlamak barada ylalaşandygyny aýdanyndan soň, ýewropa liderleri Kiýewiň hem parahatçylyk gepleşikleriniň bir bölegi bolmalydygyny duýdurýarlar.

ABŞ-nyň goranmak sekretary Pit Hegset 13-nji fewralda Trampyň 12-nji fewralda geçiren telefon söhbetdeşligine Ak tamyň üç ýyl töweregi dowam eden urşy basymrak togtatmak üçin çalasyn hereket etmek maksadynyň bir bölegi hökmünde garalýandygyny we onuň, elbetde, Kiýewe edilen "dönüklik däldigini" aýtdy.

Ýöne esasy ýaranlaryň, şol sanda Germaniýa, Fransiýa, Polşa we Angliýa ýaly ýurtlaryň daşary işler ministrleri beýanat çap edip, "Ukraina we Ýewropa bu meselede geçiriljek islendik gepleşikleriň bir bölegi bolmaly" diýip, duýduryş berdiler.

Germaniýanyň kansleri Olaf Şolz 13-nji fewralda “Politico” neşirinde çap edilen söhbetdeşlikde parahatçylygyň Ukrainanyň boýnuna dakylyp bilinmejekdigini aýtdy.

"Maňa bu ýerde ABŞ-ny hem öz içine almaýan çözgüt tapylmaly däldigi düşnükli" diýip, Şolz aýtdy.

"Indiki wezipe bu ýerde boýna dakylan parahatçylygyň bolmazlygyny üpjün etmek" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Tramp bu telefon söhbetdeşligini geçirendigini 12-nji fewralda, “Truth sosialda” paýlaşan ýazgysynda aýtdy we özüniň Putin bilen “bilelikde, ýakyndan işleşmek, şol sanda birek-biregiň ýurduna sapar etmek ylalaşygyna gelendiklerini” aýtdy.

“Şeýle-de, biz öz degişli toparlarymyzyň haýal etmän gepleşiklere başlamagy barada ylalaşyga geldik" diýip, prezident aýtdy.

Biraz soň ol Ak tamda öz meýilnanamlary barada has köp gürrüň etdi we žurnalistlere: "Meniň pikirimçe, biz parahatçylyga getirjek ýoldan barýarys" diýdi.

Ol Putin bilen eden telefon gürrüňinden soň Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski bilen hem gürleşendigini aýtdy, ýöne Ukrainanyň Russiýa bilen gepleşiklere deň derejede gatnaşyp-gatnaşmajakdygy barada anyk zat aýtmady.

“Meniň pikirimçe, olar parahatçylyk gazanmaly. Olaryň adamlary ölýär" diýip, Tramp aýtdy.

Ukrainanyň NATO-a goşulmak we Russiýany basyp alýan ähli ýerlerinden çykarmak barada tutan maksatlaryna zarba urup, Hegset 12-nji fewralda Brýusseldäki NATO ýaranlaryna Kiýewiň NATO agzalygyna Ak tamda bu konflikti soňlamagyň bir bölegi hökmünde garalmaýandygyny aýtdy.

Tramp hem Ukraina NATO agzalygyny bermegiň "amaly" bolmajakdygyny aýtdy.

Bu edilýän gürrüňler täze Tramp administrasiýasynyň prezidentiň saýlaw kampaniýasy wagtynda urşy haýal etmän soňlamak barada beren wadasyny nädip ýerine ýetirmekçi bolýandygyny açyk yşarat edýär.

Emma synçylaryň käbiri bu ýerde, gepleşiklere ýol arçamak maksady bilen, Russiýa üçin amatly şertleriň döredilýändigini we munuň degerli strategiýa bolmandygyny aýdýar.

Tufts uniwersitetiniň syýasy ylymlar boýunça professory Oksana Şewel Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda Ukrainanyň NATO-a goşulmak umydynyň urşy soňlamak üçin geçirilýän gepleşikler wagtynda gün tertibinden aýryljakdygyna bireýýäm düşünendigini aýtdy.

Ýöne ol, eger Putin Trampy NATO-nyň Ukrainanyň agzalyk ugrundaky "yza dolanuwsyz ýodasy" baradaky beýannamasyny yzyna aldyrmaga yrjak bolsa, munuň has uly mesele boljakdygyny duýdurdy.

"Putin muny edip bilse hoşal bolardy” diýip, Şewel munuň NATO-nyň Ýewropadaky ýurtlarynyň göwnüne laýyk boljagyny göz öňüne getirip bilmeýändigini hem sözüne goşdy.

Şeýle-de, Şewel gepleşikler başlanmazyndan ozal eglişiklere gelmek "erbet gepleşik strategiýasy" bolýar, ýöne şu wagta çenli aýdylanlara esaslanyp, anyk nämäniň orta goýulýandygyny bilmek gaty kyn diýdi.

Angliýanyň goranmak secretary, 13-nji fewralda NATO-nyň Brýusseldäki baş edarasynda, Bileleşigiň 32 agzasynyň goranmak ministrleriniň ýygnagynda çykyş eden Jon Heali "Ukrainanyň sesi islendik gepleşigiň özeninde bolmaly" diýdi.

"Bu meniň üçin aýdyň ... gepleşiklere Ýewropa hem gatnaşmaly we, meniň pikirimçe, muňa düşünmek gaty aňsat" diýip, Germaniýanyň goranmak ministri Boris Pistorius aýtdy.

Bu duşuşyga gatnaşýan Hegset Trampyň başlangyjyna goldamaga howlugyp, "ABŞ parahatçylyga maýa ýatyrandygyny we onuň gazanylmagyna gyzyklanýandygyny, muny bütin dünýäniň ykrar edýändigini, gepleşilen parahatçylygyň zerurdygyny öňe sürdi.

"Bu iki tarapyň hem öz islemeýän zatlaryny ykrar etmegini talap eder" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Forum

XS
SM
MD
LG