Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Ukraina geldi


Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Ursula fon der Leýen (çepde) Kiýewde Russiýa bilen uruşda wepat bolan ukrain esgerlerini hatyralaýan diwara gül desselerini goýýar. 20-nji sentýabr
Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Ursula fon der Leýen (çepde) Kiýewde Russiýa bilen uruşda wepat bolan ukrain esgerlerini hatyralaýan diwara gül desselerini goýýar. 20-nji sentýabr

Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Ursula fon der Leýen Kiýewe geldi. Onuň saparynyň dowamynda gyşyň golaýlamagy, şeýle-de Russiýanyň ýurduň energiýa infrastrukturasyny dowamly nyşana tutmagynyň arasynda, Ýewropa Bileleşiginiň Ukraina üçin goldawyny äşgär etmegine garaşylýar.

“Meniň Kiýewe 8-nji saparym ýyladyş möwsüminiň golaýlamagy, şeýle-de Russiýanyň ýurduň energiýa infrastrukturasyny nyşana almagyny dowam etdirýän döwrüne gabat gelýär” diýip, fon der Leýen 20-nji sentýabrda X sosial ulgamynda ýazgy galdyrdy.

Onuň prezident Wolodymyr Zelenski bilen hem duşuşyp, Ukrainanyň energiýa üpjünçiligini hem maslahat etmegine garaşylýar.

Mundan bir gün öň, fon der Leýen Ýewropa Bileleşiginiň Ukraina goşmaça 178 million dollary goýberjekdigini yglan etdi.

XS
SM
MD
LG