Tussag edilen wagtynda huşuny ýitirýänçä ýenjilen oppozisiýa lideriniň daýanyp, kazyýet diňlenişigine gatnaşmagyna garaşylýar diýip, onuň aklawçysy 5-nji dekabrda habar berdi; ABŞ hökümeti dolandyryjy "Gürjüstan arzuwy” partiýasynyň Ýewropa Bileleşigine goşulmak baradaky gepleşikleri togtatmak baradaky kararyna garşy protest bildirýän demonstrasiýaçylara garşy zorluk ulanmagyny berk ýazgarýandygyny aýtdy.
Özgerişlik koalisiýasynyň garamagyndaky Akhali partiýasynyň lideri Nika Gwaramia 4-nji dekabrda, oppozisiýa partiýalarynyň Tbilisidäki baş edarasynda geçirilen barlag wagtynda tussag edildi. Polisiýa işgärleri onuň garnyna huşuny ýitirýänçä urup, gymyldydan galan oppozisioneri polisiýa awtoulagyna süýräp ýüklediler.
Gwaramiýanyň aklawçysy Dito Sažaglişwili 5-nji dekabrda oppozisiýa lideriniň saglygynyň "kanagatlanarlydygyny" aýtdy. Sažaglişwili Gwaramiýanyň "ownuk huligançylyk we polisiýanyň buýrugyna tabyn bolmazlyk" aýyplamalary esasynda tussag edilendigini we 48 sagat içinde kazyýet diňlenişigine çykarylmalydygyny aýtdy.
Polisiýa operasiýasy wagtynda Özgerişlik koalisiýasynyň ýene bir görnükli agzasy, aktiwist Gela Khasaia hem tussag edildi.
ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken “Gürjüstanyň arzuwy” hökümetine berk duýduryş berdi we tapgyr dowam edýän köpçülikleýin protestleriň altynjy gijesinde çenden aşa polisiýa güýçlerini ulanan Tbilisini repressiýa taktikalaryny, şol sanda eden-etdilikli tussag etmeleri we fiziki zorluk ulanmagy derhal bes etmäge çagyrdy.
"Birleşen Ştatlar "Gürjüstan arzuwy" partiýasynyň Gürjüstanyň raýatlaryna, protestçilere, metbugat işgärlerine we oppozisiýa agzalaryna garşy ulanan gazaply we esassyz zorlugyny berk ýazgarýar" diýip, Blinken aýtdy.
Blinken Birleşen Ştatlaryň "Gürjüstanyň halky we olaryň demokratiýa islegleri bilen raýdaşlygyny" ýene bir gezek tassyk etdi, gürjüstanylaryň azatlyk hukugyny basyp ýatyrjak bolýanlaryň jogapkärçilige çekiljekdigini, şol sanda olara garşy goşmaça sanksiýalaryň hem girizilip biljekdigini duýdurdy.
“Gürjüstanyň arzuwy” partiýasynyň gözegçiliginddäki parlament daşary ýurt agentleri bilen baglanyşykly kanun taslamasyny kabul edeninden soň, hepdeläp dowam eden köpçülikleýin protestleriň arasynda, Waşington iýul aýynda Gürjüstana berilmeli 95 million dollar kömegi togtatdy. Kabul edilen taslamany “rus kanuny” diýip atlandyran tankytçylar onuň Kremliň syýasy garşydaşlaryny basyp ýatyrmak üçin ulanan jezalandyryjy kanunyna çalymdaşdygyny aýdýarlar.
Blinkeniň beýanaty ABŞ-nyň Tbilisidäki ilçihanasynyň 4-nji dekabrda, häkimiýetler Gürjüstanyň birnäçe oppozisiýa partiýasynyň we protest liderleriniň ofislerine reýd geçirenlerinden soň, demonstrantlara sylagly çemeleşmek barada eden çagyryşynyň yz ýanyndan edildi.
Protest gerimleriniň barha giňeýändigine garamazdan, premýer-ministr Irakli Kobahidze yza çekilmekden ýüz öwürdi we demonstrasiýalarda bolup geçen zorlugyň arkasynda durýandyklaryny aýdyp, syýasy garşydaşlaryny jezalandyrmak haýbatyny atdy.
Gürjüstanyň ombudsmeni polisiýany ÝB tarapdar protestçileri gynamakda aýyplady. Wezipesi raýatlaryň hukuklaryny goramak bolan Lewan Ioseliani özüniň we işgärleriniň polisiýanyň "iň ýowuz çemeleşmesine" sezewar bolan adamlar bilen duşuşandygyny aýtdy.
Protestçiler Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna howpsuzlyk güýçleriniň özlerine garşy ulanýan rehimsiz çäreleri barada gürrüň berdiler.
"Olar biziň kellämize urýardylar" diýip, protestçi Salome Zandukeli 2-nji dekabr gijesi, Tbilisiniň merkezindäki kafe binasyna baryp atýançalar, 25 çemesi polisiýa işgäriniň özlerini nähili kowalandygyny gürrüň berdi.
Aktiwist Gia Jwarşişwili Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna protestçilere topulan polisiýa işgärleriniň özüni ýere pylçap urandyklaryny we polisiýa awtoulagyna dykmazlaryndan öň mazaly ýenjendiklerini, ulagyň içinde bolsa ýüzin ýatyryp, aýaklary bilen basgylandyklaryny gürrüň berdi.
Gürjüstan soňky tolgunyşyk tolkunyna oktýabr aýynda geçirilen parlament saýlawlaryndan soň gaplandy, “Gürjüstanyň arzuwy” bu saýlawda 54% ses alandygyny aýtdy. Oppozisiýa we Günbatar hökümetleri ses berişlige düzgün bozulmalarynyň we rus täsiriniň kölege salandygyny öňe sürdüler.
Forum