Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB Ukraina üçin 6 milliard ýewrolyk harby kömek bukjasyny taýýarlaýar


ÝB ýurtlary Ukraina üçin umumy bahasy 6 milliard ýewro çemesinde boljak harby kömek bukjasyny taýýarlaýar. “Politico” neşiri täze kömek bukjasynyň ABŞ-nyň araçylyk etmeginde Russiýa bilen başlanjak gepleşiklerden öň Kiýewiň strategiki pozisiýasyny güýçlendirmäge gönükdirilendigini belleýär.

Bu bukjada, bir ýarym million artilleriýa topundan howa goragy ulgamlaryna çenli, köp sanly harby önüm bolmaly.

Bu Russiýanyň 2022-nji ýylyň fewral aýynda Ukraina garşy başlan giň gerimli urşundan bäri Ýewropa Bileleşiginiň Kiýewe iberen iň uly harby kömek bukjasy bolar.

Neşiriň bellemegine görä, bu bukja 24-nji fewralda, Ýewropa Komissiýasynyň ýokary derejeli wekilleri Kiýewe gelende aýan edilip bilner.

Politico, diplomatiki töwereklerden bolan iki çeşmä salgylanyp, 6 milliard ýewronyň başlangyç mukdar bolup, wagtyň geçmegi bilen onuň “10 milliard ýewro ýa-da ondan hem köp” bolup biljekdigini, sebäbi ýurtlaryň ätiýaçlyk gorlaryny giňişleýin gözden geçirip, Ukraina haýsy önümleri iberip boljakdygyny kesgitleýändigini belledi.

XS
SM
MD
LG