2022-nji ýylda ýazyjy Salman Ruşdiýe pyçak bilen hüjüm edip, ony agyr ýaralamakda aýyplanýan adam, muny Hizballahyň lideriniň Ruşidiniň ölümi boýunça yglan eden fatwasyndan ruhlanyp amal etdi diýip, 24-nji iýulda prokurorlar aýtdy.
ABŞ-nyň raýaty Haidi Matara bildirilen täze aýyplamada, onuň fatwany durmuşa geçirjek bolandygy bellenilýär.
Prokurorlaryň maglumatyna görä, Matar Eýranda doglan şahyry öldürmek baradaky ilki 1989-njy ýylda yglan edilen fatwa ynanypdyr. Bu baradaky fatwa soňy bilen, ýagny 2006-njy ýylda düýbi Liwanda ýerleşýän Hizballah söweşiji topary, şeýle-de toparyň baş sekretary Hassan Nasrallah tarapyndan berkidildi.
ABŞ-nyň Baş prokurory Merrik Garlandyň sözlerine görä, Matar Ruşdiniň janyna kast etmek synanyşygy bilen “Eýran režimi bilen baglary bolan, terroristiki gurama hökmünde ykrar edilen Hizballahyň adyndan terrorçylyk aktyny amal edipdir”.
Matara adam öldürmek synanyşygy boýunça ştatyň başga bir aýyplamasy bildirilýär. Ol soňky federal aýyplamasy boýunça özüniň günäsizdigini aýtdy.