19-njy awgustda Russiýanyň Uzak Gündogaryndaky Wladiwostok şäheriniň sudy ABŞ armiýasynyň seržanty Gordon Blakyň aklawçysynyň, öz müşderisine çykarylan höküm bilen baglylykda tabşyran şikaýatyny ret etdi. Blak ogurlyk we ölüm bilen haýbat atmak aýyplamalary esasynda, üç ýyl we dokuz aý möhlet bilen tussaglyga höküm edildi.
Maý aýynda Blak Günorta Koreýada harby gullugy geçýän mahaly, hallaşýan russiýaly bir aýal bilen duşuşmak üçin Wladiwostoga geçende tussag edilipdi.
34 ýaşly Blak ogurlykda we aýala garşy ölüm haýbatlaryny etmekde aýyplandy. Ol aýal prokuratura arza bilen ýüz tutdy.
Blakyň aklawçysy regional suduň kararyna şikaýat etjekdiklerini aýtdy.