Weteran owgan serkerdesi we öňki syýasatçy Abdul Raşid Dostum fundamentalist “Talybana” garşy durýan toparlary birleşmäge we, ekstremist toparyň ykrar edilmedik ýolbaşçylygyna garşy çykmak üçin, bosgunlykda owgan hökümetini gurmaga çagyrdy.
Etniki özbek we uzak wagtlyk ‘patyşa ýasaýjy”, geçmişde öz şahsy goşuny bilen adam hukuklaryny bozmakda aýyplanan Dostum 15-nji sentýabrda düýbi Türkiýede ýerleşýän owgan garşylyk toparynyň gurnan wirtual ýygnagynda çykyş etdi.
Dostum geçen ýyl, halkara jemgyýetçiligi berk liniýaly ekstremist topar bilen işleşip bilmejekdigi baradaky netijä geleninden soň, öz söweşijileriniň Talybana garşy durmaga taýýar bolandygyny aýtdy. Her hili öwsüp duran Dostum mundan öň Owganystanyň BMG tarapyndan goldanýan öňki hökümetinde goranmak ministriniň orunbasary boldy we beýleki harby wezipelerde işledi.
2019-njy ýylda, birinji wise-prezident bolanda, aýdylmagyna görä, Dostum “Talyban” güýçleriniň ulag kerwenine eden hüjüminden aman galdy.