Türkmenistanyň welaýatlarynyň ýaşaýjylary döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk ýagdaýy berlen Arkadag şäherindäki ýaşaýyş jaýlaryndan satyn alyp bilmeýärler. Häkimiýet wekilleri welaýat ýaşaýjylaryna bu jaýlardan diňe Ahal welaýatynda ýa-da Aşgabatda ýazgyda duran raýatlaryň satyn alyp bilýändigini aýdýarlar. Şeýle-de, bu jaýlardan satyn almaga isleg bildirýän welaýat ýaşaýjylary ýörite gulluklaryň işgärleri tarapyndan yzarlanýar. Türkmenistanlylaryň ençemesi muny “aç-açan diskriminasiýa” atlandyrýar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň ýurduň dürli welaýatlaryndaky ynamdar çeşmeleri habar berýärler.
Bu ýagdaýlary içgin öwrenen çeşmelerimiziň tassyklamagyna görä, Arkadagdan jaý satyn almak isleýän welaýat ýaşaýjylary ilki bilen Aşgabatda ýazgyda durmaly bolýarlar. Olar munuň üçin 50 müň amerikan dollary möçberinde näresmi tölegi, ýagny “parany” bermeli bolýarlar.
“Göz öňüne getirip görüň, welaýat ýaşaýjylary Arkadagdaky jaýyň töleginden başga-da, paýtagtda ýazgyda durmak üçin 50 müň dollar sarp etmäge mejbur bolýarlar. Aşgabatda ýa-da Ahalda ýazgyda durmadyk raýatlara Arkadagdan jaý satylmaýar” diýip, maryly çeşmämiz aýtdy.
Arkadagdaky jaýlaryň satuwyny amala aşyrýan häkimiýet wekilleri resmi taýdan hiç bir ýerde görkezilmeýän ýa-da beýan edilmeýän bu çäklendirmäniň sebäbini düşündirmeýärler.
Munuň bilen bir wagtda, ýurduň ýörite gulluklarynyň işgärleri bu jaýlardan satyn almaga gyzyklanma birldirýän welaýat ýaşaýjylaryny yzarlap başlaýarlar.
“Bu şäherden jaý almaga isleg bildirýänler esasan telekeçiler bolup, organ işgärleri olaryň ähli hereketlerini yzarlaýarlar. Olarda Arkadagdan jaý satyn almaga nireden pulunyň bardygyny, girdejileriniň çeşmelerini barlaýarlar. Ahalyň ýa-da Aşgabadyň ýaşaýjysy bu şäherden jaý satyn almaga isleg bildirse ýa-da jaý satyn alsa, onda hiç hili sorag ýüze çykmaýar” diýip, ýagdaýlardan habarly beýleki bir çeşmämiz aýtdy.
Şol bir wagtda, welaýat ýaşaýjylarynyň käbirleri Arkadagdan jaý satyn almagyň ýoluny tapýarlar. Olar esasan jaýlary öz atlaryna däl-de, Ahalda ýa-da Aşgabatda ýazgyda duran dogan-garyndaşlarynyň adyna satyn almaly bolýarlar.
Türkmenistanlylaryň ençemesi welaýat ýaşaýjylary üçin döredilýän bu çäklendirmeleri “aç-açan diskriminasiýa” atlandyrýar.
“Bu ýerde tireparazlyga ýol berilýär. Welaýatlaryň ýaşaýjylarynyň hukuklarynyň welaýatlaryndan daşarda ýokdugyna yşarat edýär. Eýýäm şu ýerde ýurt birnäçe bölege bölünýär. Türkmenistan we Aşgabat, Arkadag şäherleri aýratyn bolýar. Beýleki welaýatlar has pesde goýulýar” diýip, türkmenistanly aýtdy.
Welaýat ýaşaýjylary şu ýyl okuwlaryny “üstünlikli tamamlan”, “Aşgabatdan we Ahal sebitinden bolan uçurymlary” Arkadag şäherine işlemäge ibermek barada prezidentiň ýakynda gol goýan kararyna salgylanyp, “aç-açan diskriminasiýanyň türkmen hökümeti tarapyndan döwlet derejesinde tassyklanýandygyny” hem bellediler.
Azatlyk ýokarda aýdylanlar barada Arkadag şäheriniň häkimligi we Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komiteti bilen habarlaşmaga synanyşdy. Ýöne redaksiýamyzyň 12-nji iýulda telefon arkaly eden dowamly synanyşyklary oňyn netije bermedi.
Şu ýylyň 23-nji martynda kabul edilen kanunda Arkadagyň ilatyny ýaşaýan möhletine, doglan ýerine we milletine garamazdan, Arkadag şäheri ýaşaýan ýeri bolan Türkmenistanyň raýatlarynyň düzýändigi aýdylýar. Ýöne raýatlaryň öz ýaşaýan ýerini Arkadag şäheri etmeginiň düzgünleri barada resmi metbugatda hiç hili maglumat göze ilmeýär.
Prezidentiň kakasynyň lakamyny göterýän Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň açylyş dabarasy 29-njy iýunda, öňki prezident, häzir Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň doglan gününde boldy.
Aşgabadyň takmynan 25 kilometr töweregi günbatarynda ýerleşýän täze şäher 70 müň ilata niýetlenendir. Gurluşygy 5 milliard dollar boljakdygy mälim edilen şäher Türkmenistanda agyr ykdysady krizisiň dowam edýän wagtynda guruldy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum